Köne dini mekdeplerde okuwçynyň, talybyň özüne tälim-terbiýe berýän mollasynyň, hünär, başarnyk öwredýän ussadynyň ýüzüne dikanlap seretmegini, olar bilen belent owazda gürlemegini, käýeýän wagtlarynda gaýtargy bermegini, olaryň rugsat etmedik zatlaryna baş goşmagyny, tabşyryklaryny berjaý etmezligini, halypanyň ýanynda oýun etmegini, degşip-gülüşmegini edepsizlik hasaplapdyrlar. Halypa, ussada hormat goýulmagy, olaryň diňe ýagşylykda ýatlanylmagy, diýen-aýdanlarynyň, tabşyryklarynyň hoşallyk bilen berjaý edilmegi şägirdiň öz mertebesiniň-de belentde göterilmegine oňaýly täsirini ýetiripdir. Sebäbi ata-babalarymyz özüni ekläp-saklan, tälim-terbiýe beren, hünär öwreden ata-enäni, halypany hormatlamaýan adam hiç kimi-de hormatlamagy we olara sarpa goýmagy başarmaz diýip düşünipdirler. Milli däplerimizde ylymly bolmak ýagşy gylyklaryň biri hasaplanypdyr. Yslam dininde ylym imanyň tohumydyr diýlip aýdylypdyr. Ylymly bolmagyň maksady haýsydyr bir wezipä eýe bolmak däl-de, öz saýlap alan hünäriňi ylmy taýdan öwrenmekdir hemde şol hünäri kämilleşdirmek, ösdürmekdir. Alan bilimiňi il-günüň bähbidine ulanmakdyr. Iň esasy zat-da öwredilen ylmy arassa ahlak bilen bezemek, onuň üstüni ýetirmek zerurdyr. Alnan bilimi arassa ahlak bilen bezemegiň iň esasylarynyň biri-de halypanyň sarpasyny saklamakdyr.

Nowaýy, Andalyp, Azady, Magtymguly, Kemine, Zelili, Seýdi, Mollanepes ylym babatynda özlerine bilim beren mollalaryndan has köp sowatly adamlar bolup ýetişipdirler. Şonda-da olar özlerine bilim, terbiýe beren halypalaryny hiç wagt ýatdan çykarmandyrlar. Sebäbi olar özleriniň alym bolup ýetişmeginiň düýbüni halypalarynyň tutandygyna oňat düşünipdirler.

  Lälezar MUHAMMEDOWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby