Dünýäniñ çar ýanyna ýaýran türkmenleriñ aýdym-saz sungaty umumy türki halklarynyñ aýdym-saz sungatynyñ aýrylmaz bir şahasy bolup durýar. Muña ol halklarda aýdylýan aýdymlaryñ äheñleriniñ bir perdeden gopýan görnüşleri hem köp ýerlerde şaýatlyk etse, köne döwürde ulanylan ilkinji saz gurallary bolan gupuz, tüýdük, dambura (tamdyra) ýaly saz gurallarynyñ hemme türki halklar üçin aralyk bolmagy-da muny doly tassyklaýar.
Elbetde, belli bir halkyñ goñşyçylykda ýaşan beýleki bir halkyñ aýdym-saz sungatyna öz täsirini ýetirişi ýaly, türki halkyñ aýdym-saz sungaty beýleki bir halka, beýleki bir halkyñ aýdym-saz sungaty bolsa türkmen halkynyñ aýdym-saz sungatyna özüniñ täsirini ýetirendir. Bu meseläniñ barlagy örän uly bolup, biz bu ýerde diñe Eýran türkmenleriniñ saz-sungatynyñ gözbaşy barada gysgaça durup geçmekçi. Çünki aýdym-saz sungaty hem belli bir derejede halkyñ ruhy medeniýetini kesgitleýär. Şol ruhy medeniýetiñ kökleri bolsa asyrlaryñ jümmüşine ornap gidip, olaryñ döreýşi, kemala gelşi, ösüşi taryhy wakalardan gözbaş alýar.
Umuman, türkmen saz-sungatynyñ öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy türkmen klassik şahyry Mahmyt Gaýybynyñ Buhara emiriniñ huzurynda aýdan “Gelende bardyr” atly şygyrynda şeýle teswirlenỳär:
Saz bilen söhbeti ýaman diýmäñler,
Adam ata dünýä gelende bardyr.
Dutaryñ döreỳşi hakda dürli rowaỳatlaryñ biri hem beỳik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyñ belläp geçişi ỳaly aỳdym-saz, adam ata döränden bardyr, diỳen çuññur filosofiỳadan gözbaş alỳan sözüñ esasynda aỳdylỳar. Ol rowaỳat aşakdakydan ybarat bolỳar: “Hudaýtagala adam atany döredende palçykdan hamyrmaýa emele getirip onuñ adam şekilli heýkelini bütin 40 gün saklapdyr. Haçanda öz ruhyndan adamyñ meýdine dem salanda, toprakdan emele gelen ten bu beýik ruhy götere bilmän her sapar ýapyk teniñ içinden daş çykypdyr. Derhal hudaý tagalanyñ emri bilen ruh ynsanyñ toprakdan gurulan tenine jaýlaşar ýaly elleri dutarly üç sany perişde saz çalyp başlaýarlar. Allatagalanyñ ruhy ýürege baryp ýetende ynjalyk tapyp şeýle diýýär: “Eý bir hudaýa! Meni sazyñ güýji bilen teniñ kapasynda jaýladyñ. Şonuñ üçin her sapar sazyñ owazyny diñlesem, özümden gidip, kalbymyñ heýejan-tolkunlaryny duýýaryn”. Türkmenleriñ ynamyna görä, heniz hem adamlar dutaryñ ýürek tolkundyryjy owazyny eşiden badyna göwni uçgunmagy şonuñ üçindir. Sebäbi allanyñ ruhy toprakly tende sazyñ güýji bilen siñipdir”.
Irki döwürlerden bäri türkmen halkynyñ arasynda “Osaz” ady bilen başlangyç sungaty bolupdyr. Ozanlaryñ öz sözlerine özleri saz döredip, ony hem özleri ỳerine ỳetiripdirler.
S.Demidowyñ barlag etmegine görä, XI-XVI asyrda il arasynda Dana ata lakamy bilen tanalan Ahsan şih Günbatar Türkmenistanda ýaşap geçen Söýünhany türkmenleriñ meşhur oguznamaçysy bolupdyr.
Onuñ repertuaryndaky oguznamalaryñ golýazmasyny soñra Hywa hany Abulgazy özüniñ “Türkmenleriñ şejeresi” diỳen işine girizipdir.
XVII asyrda Mañgyşlak türkmenleriñ arasynda Amandöwlet bagşygalmyklaryñ çozuşyny deñze balyk awlamaga giden türkmenleri saz heñi bilen ägä edip. Olary hem özlerini duşmanyñ elinden halas edipdir.
Durdyýewa Şemşat,