Ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyla gadam basmak bilen, eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezip, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.
2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär.
Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine dünýä derejesindäki möhüm waka hem-de halkara gatnaşyklary hil taýdan täze tapgyra çykarmak üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş taglymaty durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Türkmenistan Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň kabul edilmeginde başlangyçly orny eýelän döwlet hökmünde onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýelemäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini bellemek gerek. Şu ýylyň 9-njy ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Onda bu şanly senäni baýram etmegiň guramaçylyk taraplaryna, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça BMG-niň düzümleýin edaralary bilen geňeşmeleri geçirmegiň meselelerine garaldy. Bu resminamada häzirki döwrüň ählumumy meseleleri hem-de özara ynanyşmagyň, bilelikdäki dialogyň, jogapkärçiligiň esasynda tagallalary utgaşdyrmak babatda döwletimiziň garaýyşlary öz beýanyny tapdy. Konsepsiýa köp babatda BMG-niň başlangyjy bilen geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen “Geljegiň sammitiniň” mazmunyna esaslanýar. Türkmenistan bu Konsepsiýa şol sammitiň jemleýji resminamasy bolan “Geljegiň hatyrasyna pakty” iş ýüzünde durmuşa geçirmekde uly goşant bolar diýip hasaplaýar.
Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde goňşy Owganystanda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýar. Goňşy ýurduň häkimiýeti bilen dialog Birleşen Milletler Guramasynyň bu babatdaky garaýyşlary, halkara derejede ykrar edilen çemeleşmeler esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri ykdysady we gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen, sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam berýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana uzaýan elektrik geçiriji ulgamyň çekilmegi, ýurdumyzdan owgan ugry boýunça uzaýan demir ýoluň gurluşygy şolaryň hataryndadyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin guramanyň ynsanperwer gün tertibi boýunça işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga çalyşýar. Bu ugra medeniýetara aragatnaşygyň, özara düşünişmegiň köprülerini gurmagyň, hormat goýmagyň, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde garamak bilen, ýurdumyz şunda parlament hem-de halk diplomatiýasyna, medeni alyşmalara, zenanlaryň, ýaşlaryň, sport guramalarynyň gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniñ kiberhowpsuzlyk fakultetiniñ Programma inženerçilik toparynyñ 2 nji ýyllyk talyby
Meylis Mämiýew
Mugallymy Ene Mämmetýazowa