Peterburgyň alymlary dürli hili markaly birnäçe smartfony bir wagtda
zarýadlandyrmagyň usulyny oýlap tapdylar. ITMO uniwersitetiniň maglumatlaryň
gullugynyň bellemegine görä, birnäçe gadjete birlikde zarýad bermek üçin ýörite
metazolak ulanylýar.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda simsiz zarýad beriji ulgamlar bazarlarda örän
giňden ýaýrady. Ýöne olaryň hersi degişlilikde öz gadjetine zarýad bermek üçin
niýetlenen we başga modelleri elektrik togy bilen üpjün edip bilmeýär.
Peterburgyň ylym öwrenijileri bu meseläni aradan aýyrmak maksady bilen
uniwersal häsiýetli, birlikde birnäçe enjam üçin niýetlenen zarýad beriji ulgamy
işläp düzdüler. Şol sebäpden hem olar täze ulgamy, ýagny simlerden ybarat bolan,
kondensatorlar arkaly birikdirilýän we gerek bolan tolkuny tutmaga ukyply enjamy
döretdiler.
Bu ýokary okuw mekdebiň hünärmenleriniň pikirine görä, onuň giňişlik çägi
has uly hem bolup biler. Beýle diýildigi, olaryň göwrümini-de ulaltmak
mümkinçiliginiň bolar diýildigidir. Olardan uly stansiýalary döretmek hem
mümkindir.
Esasy bilmeli zat, olary ulanmakda elektrik toguň urmagyndan gorkmaly
däldir. Olarda elektrik ulgam ýörite ýapyk görnüşde bolmagy sebäpli hiç hili
zyýanyň ýoklugyna hemmeler düşünmelidir.
Bu gözlegleriň netijeleri Applied Physics Letters žurnalyndaneşir edildi.
Hünärmenler bu işleri bilen çäklenmän, geljekde täze mümkinçilikli enjamlary
döretmegiň üstünde işleýärler.