Halkara arheologlar topary Indoneziýanyň Sulawesi adasynda iň gadymy daş suratyny tapdylar. Bu barada “RBK Science Advances” habar berýär.

Ölçegi 136×54 santimetr bolan bu suratda goýy gyzyl reňkli, derisinde gara nokatjyklar bar bolan ýabany doňuz şekillendirilýär. Bu asyrlaryň jümmüşinde sakalanan iň gadymy sungat eseriniň ýaşy radioizotop usuly bilen kesgitlenildi we 45,5 müň ýyllyk diýlip çaklanyldy.

Gözlegiň awtorlary Griffit uniwersitetiniň arheology Adam Brahm bu gaýa suratkeşlik sungat eseriniň hakykatdan hem ajaýypdygyny belleýär. Arheolog surat adamlaryň şol döwürlerde nähili ýaşaýandyklaryny göz öňüne getirmäge kömek etjekdigini hem aýdyp geçdi.

Suratyň iň pes ýaşy 45,5 müň ýyl bolsa-da, has köne bolmagy mümkin. Arheologlar deslapky gözlegler tamamlanandan soň bu sebitdäki işler 65,000 ýyldan gowrak köne eseri tapmaga mümkinçilik berer diýip umyt edýärler.

Indoneziýanyň Sulawesi günorta sebiti 1950-nji ýyllardan bäri gaýa suratlary bilen meşhurdyr. Ilki bilen arheologlar çyzgylaryň ýaşyny takmynan 10,000 ýyl diýip çaklaýarlar. Sebäbi tropiki çyglylyk köne gaýa suratlarynyň ýok bolmagyna sebäp bolupdyr öýdülýärdi. Soňra hünärmenleriň ýalňyşýandyklary ýüze çykdy: suratlar mineral baý suwuň akymy netijesinde emele gelen kalsit üstü bilen örtülüpdir. Netijede bulardan başga-da, gatlakda uranyň barlygy sebäpli, gaýa şekiliniň takyk ýylyny kesgitlemäge kömek etdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagta çenli sebitde azyndan 43,9 müň ýyllyk aw sahnalaryny öz içine alýan beýleki suratlar tapylypdy. Arheologlaryň ýaňy habar beren Makassaryň golaýyndaky Leang Tedongnge atly gowakda 2017-nji ýylda ýabany doňuzyň suraty tapylypdy.