6-njy fewral güni Fransiýa, Şweýsariýa, Andorra we başga Ýewropa ýurtlarynda adaty bolmadyk meteorologik hadysa gözegçilik edildi. Şol güni Ýewropanyň köp sanly şäherlerinde asman sary reňke boýaldy. Dag-buzluklary dynç alyş zolaklaryndaky gar bolsa goňur görnüşe girdi. Bu barada “Meduza” habar berýär.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu hadysa sirokko (garmsel) diýlip atlandyrylýan şemal sebäpli ýüze çykypdyr. Güýçli şemal özi bilen Sahara çölünden köp mukdarda çaň we gum getiripdir. Gyzykly ýeri gumuň howadaky dykyzlygy ýokary bolsa, howanyň ýagdaýy hem şoňa görä erbet bolýar. bu gezek bolsa Saharadan gelen çaň diňe bir asmanda, eýsem, ýerde hem öz “yzyny” galdyrdy.

Sahara çaň gumlarynyň Ýewropada tozmagynyň amatly taraplary hem bar. Ondaky peýdaly maddalar ösümlikler üçin dökün hyzmatyny hem ýerine ýetirip bilýär. Käbir barlaglara görä, dünýädäki iň uly çöli tozanlary Amazonkadaky floranyň biodürlüligine uly täsirini ýetirýär. Ýagny, ol ýerdäki ösümlikleriň organiki dökünler bilen üpjünçiligini emele getirýär. Passat şemallary tozanlary Afrikadan Atlantika ummany arkaly Günorta Amerika alyp barýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, öňki habarlarymyzda ýanwar aýynyň ortalarynda howanyň tempraturasynyň birden peselmegi netijesinde Sahara çölünde gar ýagandygyny belläp geçipdik.