Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Şeýle hem, dünýäniň 50-den gowrak abraýly, halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan şu günki günde dünýä döwletleri bilen ylym-bilim, medeniýet, ýangyç-energetika, ulag-logistika, lukmançylyk, ekologiýa, senagat diplomatiýasynyň dürli ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda dürli ugurlara degişli halkara maslahatlar, forumlar, Parlamentara duşuşyklar geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahaty geçiriler. Maslahatyň çäklerinde Zenanlar, Ýaşlar forumynyň hem geçirilmegi göz öňüne tutulýar. Häzirki wagtda bu uly halkara maslahata guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle uly ähmiýetli halkara maslahatyň geçirilmegi ata Watanymyzda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, birnäçe halkara ylalaşyklary gazanmaga giň ýol açýar.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bäş gün dowam etjek halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreler meýilleşdirilýär. Forumyň meýilnamasy işewürlik hem-de medeni çäreleri, mowzuklaýyn sergileri we Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet günlerini öz içine alýar.
Forumyň dowamynda plenar mejlisler, ýokary derejeli bäş sany mowzuklaýyn «tegelek stol» we ýedi sany ýokary derejeli forum geçiriler. Olaryň hatarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň forumy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy we aragatnaşyk boýunça çäre bar.
Şeýle hem gatnaşyjy döwletler, halkara guramalar we türkmen tarapy tarapyndan guralýan birnäçe çäreler meýilleşdirilýär. Olar ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika we sirkulýar ykdysadyýet ýaly mowzuklara bagyşlanar.
Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Maksatnama laýyklykda, 5-nji awgustda günüň birinji ýarymynda forumyň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Akmyradow Gadam Gammarowiç,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň,
Diller kafedrasynyň uly mugallymy.