Ýapon alymlarynyň anyklamalaryna görä pyşbagalar, akulalar, pingwinler,
düwlenler we kitleriň köp görnüşi aýlaw boýunça ýüzýär.
Bu açyş, gözlegçiler, ýaşyl deňiz pyşbagalarynyň nawigasiýa ukyplaryny
öwrenýän mahaly tötänleýin edildi. IScience-da neşir edilen gözlegiň netijesine
görä, haýwanlara hereket datçiklerini dakdylar we ugurlaryny yzarladylar.
Soňra alymlar beýleki deňiz haýwanlarynyň görnüşleriniň hereketleriniň
traýektorýasyny barladylar. Akulalaryň, düwlenleriň, kitleriň we beýleki
haýwanlaryň hem yzygiderli aýlanýandygy ýüze çykdy. Şol bir wagtyň özünde,
aýlaw ýüzmegiň her haýwan üçin sebäbi başga bolup çykdy.
Mysal üçin, gaplaň akulalary 140 metre çenli çuňlukda bir gezekde 2-den 30-
a çenli aýlaw edýärler.
Alymlar deňiz haýwanlarynyň näme üçin dürli maksatlara ýetmek üçin
aýlawda ýüzýändiklerini entek bilenoklar. Aýlaw, geomagnit meýdanyny ugur
görkezýän maglumat çeşmesi hökmünde ulanmaga kömek edýär diýip çaklaýarlar.
Alymlar deňiz haýwanlarynyň aýlaw boýunça ýüzýändiklerini anykladylar
