Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oba hojalygyny bazar şertlerine laýyklykda ösdürmek babatyndaky agrar syýasatynyň özeninde, bu pudagyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini halkyň abadan we bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanmak we ösen ýurtlar bilen bäsleşip biljek agrar önümçiligini döretmekden ybarat bolup durýar.
Öňde goýlan bu maksada ýetmekde oba hojalyk önümçiligini innowasion menejmentli ösüş ýoluna geçirmegiň hökmany zerurlykdygyny milli Liderimiz hemişe nygtaýar.
Şol bir wagtyň özünde, oba hojalygymyzyň häzirki ýagdaýyna we netijesine baha bermek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň agrar-senagat önümçiliginiň toplumlaýyn innowasion menejmentiniň ösüşiň diňe başlangyç tapgyrynda ýerleşýändigini hormatly Prezidentimiz belleýär.
Ýurdumyzyň agrar-senagat toplumynyň üznüksiz ulgamlaýyn innowasion menejmentli ösüşiniň başlangyjy 2007-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasyndan” we 2010-njy ýylyň maýynda kabul edilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan”, ýurdumyzyň ösüş depginine we döwrüň talabyna laýyklykda 2015-nji ýylyň awgust aýynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasyndan” badalga alýar we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” boýunça dowam edýär. Bu maksatnamada ýurdumyzda oba hojalyga degişli pudaklaryň sazlaşykly we toplumlaýyn ösdürilmegine gönükdirilen işleri ýerine ýetirmek üçin ýörite çäreler alnyp barylýar.
Maksatnama laýyklykda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak we halkara standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmek arkaly ýurdymyzda azyk howpsuzlygy üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilýän möçberleri azaldylýar we olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberleri artdyrylýar. Oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, esasan hem, ekinleriň hasyllygyny ýokarlandyrmagyň, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýaryny yzygiderli ornaşdyrmagyň, şeýle hem döwlete degişli önümçilik kärhanalary bilen bir hatarda, hususy önüm öndürijileriň tutýan paýyny ýokarlandyrmagyň hasabyny amala aşyrylýar.
Türkmenistanda oba hojalygyny ylmy esasda we sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga iri möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, netijede bu ugurda ýurdumyzyň sebitleri çalt depginler bilen ösdürilýär. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini önümçilige ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Oba senagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän döwlet goldawynyň we ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýeti bar. Oba senagat toplumy üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap traktorlary, kombaýnlar, ekiş gurallary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.
Ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, suwaryş ulgamynyň gowulandyrylmagy, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, täze boz ýerleriň özleşdirilmegi, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gök ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk işiniň ösdürilmegi boýunça ýerine ýetirýän ylmy-barlag işleriniň binýadynda durmuşa geçirilýän çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimizň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, sahawatly topragymyzyň rysgal-berekedi has-da artýar.

Myradow Guwanç
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebi