u döwür, bu ömür, bu ykbal bagt bolup düşleýän ýyllaryň umytlarynyň wysala gowuşýan döwri. Gujagynda bagtyýar ynsanlary jemlän ata Watanymyz bu gün dünýäniň üns merkezinde. Watan paýtagty – merjen şäher Aşgabat iri halkara forumlaryň, halkara festiwallaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi. “Döwrüň beýik Arhitektory” adyny alan Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp sungat eseri bolan Aşgabat şäheri her bir kalbyň mähir siňen ülkesi hasaplanýar. Güneşiň tylla şelpelerine lak atyp lowurdaýan Aşgabadyň başy altyn gümmezli köşkleri, giň köçeleri, asuda gijeleri, ýollara, kalplara, nur saçyp, “dürler adasyny” ýada salýan gijeki yşyklary, belent başly arçalary, çar tarapa müşki-anbaryn saçyp oturan al-elwan gülleri, ak mermerli binalary – bularyň ählisi ertekilerdäki arzuw edilýän şäherleri ýadyňa salýar. Bu gözellikler kalbyňa yhlam bagyşlaýar. Döwrüň beýik ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiliginde ak şäherimiz Aşgabadyň waspy has çuň, has täsirli beýan edilýär. A.Atabaýew, G.Şagulyýewa, Nobatguly Rejepow, Kakamyrat Rejepow, O.Annaýew, D.Tekäýewa, S. Geldiýew, O.Çaryýewa ýaly döwrüň beýik ýazyjy-şahyrlary Aşgabadyň waspyny dünýä ýaýýarlar. Olaryň çuň mazmuna ýugrulan Aşgabat hakyndaky şygyrlary aýdym bolup ýaňlanýar, gazal bolup ýaňlanýar, bularyň geljekde hem, öz ähmiýetini birjikde peseltmejekdigi bolsa, ykrar edilmeli hakykatdyr.

Atamyrat Atabaýewiň döredijiligine ýüzlenenimizde Aşgabat şäheriniň peýzažynyň ussatlyk bilen sözde çekilişini görmek bolýar. Şahyryň “Aşgabat”, “Ýeke günde ýedi bina”, “Gutly bolsun ýollar saňa”, “Ýol gurmak sogap iş – ýol bereketdir” ýaly şygyrlarynda ak şäheriň owadanlygy, nurana gijeleri,şäheriň giň ýollarynyň türkmeniň kalby ýaly giň hem arassalygy ýaly pikirler beýan edilýär.

Aýdyň gijeleriň gündizden ýagty,

Halkym sende görýär tükenmez bagty,

Birleşdirip dursuň bäş welaýaty,

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat.

– diýip, ata Watanyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyzyň bagty çakylykdygyny, hiç wagt synmajak bakylykdygyny beýan edýär.

Atamyrat Atabaýew “Ýeke günde ýedi bina” atly şygryndan Aşgabat şäherinde bir gününň dowamynda açylyp ulanylmaga berilen ýedi sany binanyň waspy ýetirilýär. Şahyr ýedilik sanyň türkmen halkynyň arasynda gowy görülýän sandygyny belläp, ondan çuňňur filosofik manyny yzarlaýar:

Ýedilik san-halkyň söýen sanydyr,

Ýedi bina daga deňäp dur egnin.

Bu günki açylyş dabarasyna

Öz beýik ýurduma buýsanyp geldim.

Halypa şahyrymyz Orazguly Annaýewiň döredijiliginde Aşgabadyň gözelligi ussatlyk bilen beýan edilýär. Aşgabadyň waspy:

Aýratyn many bar gülde, arçada,

Siňýär seň kalbyňa mährim hem derdim.

Indi adyň çykdy belent Arşa-da,

Saňa hossar çuň hormatly Liderim.

Galkynarsyň berip söýgä, yşga bat –

Aşgabat.

ýaly birnäçe setirleriň üsti bilen açylýar. Bu setirlerde Gahryman Arkadagymyzyň beýik sungat eseriniň waspy ýetirilýär.

Aşgabat şäheriniň ady bilen baglanyşykly dürli garaýyşlar häzirki wagta çenli öňe sürüldi. Hakykata has golaýy hökmünde “Aşyk abat” diýen sözden gelip çykandyr diýen çaklamany ykrar edýärler. Bu bolsa şygyr setirlerinde şeýle tekrarlanýar:

“Aşyk abat” dakypdyrlar adyňa,

(Eýsem laýyk geljegem däl başga at)

Aslynda sen bu durmuşa, ýaşaýşa,

Aşyklaň şäheri,

Eziz Aşgabat.

Tirkeş Sadykowyň setirlerinde aşyklaryň şäherinde bagtly ýaşaýşyň, owadan durmuşy, nurana geljege umytlaryň hemişe höküm sürýändigi we sürjekdigi, şäheriň waspyny ýetirmekde heniz–henizlerem bärden gaýdylýanlygy, bu gözelligiň ýanynda sözleriň ejiz gelýändigi hakyndaky pikirler beýan edilýär.

“Söýgi” sözün kän gaýtalar guşlaram,

Seýilgähleň aşyklaryň mekany.

Bagşy guşlar alaýazdyr baglarda

Bu tebigat – aýdym – sazyň dükany.

Gör-ä süýt çogan deý çogýar çüwdürim,

Dolup-daşýar fontanlaryň ýüregi.

Gözelligňi gören ýazlar eglener,

Sensiň guşlaň güldür öýdüp ýöreni.

Ine, bu setirler Aşgabadyň kartinasynyň janly görnüşe getirilmegi, söz bilen dörän sungat. Goçmyrat Orazberdiýewiň galamyna degişli bolan ýokardaky setirlerde Aşgabadyň owadan tebigaty suratlandyrylýar. Özem sözüň güýji bilen şeýle keşbi çekip bilmek ýokary derejedäki ussatlygy talap edýär. Şygryň süňňüne, tutuş durkuna çeperçilik serişdeleriniň siňdirilmegini bu şygryň esasy aýratynlygy hökmünde görkezmek bolar. Akgynlylyk, owazlylyk, sazlaşyk üçüsi sazlaşyp dörän Aşgabat hakyndaky şygyrlaryň şahyryň döredijiliginde uly orun tutýandygyny, onuň şu owadan ýurduň perzendi bolup dogulmak, ýaşamak, döretmek bagtynaeýe bolan şahyr hökmünde özüni juda bagly duýýandygy bilen düşündirmek bolar. Öz setirleri bilen delillendirsek:

Arkadagly ýurdum, arkaly ýurdum,

Gujagyňda hiç synmajak tagtly men.

Beýgeldip dünýäde sarpasy ýurduň,

Beýik Ogluň bilen juda bagtly sen!

Sen bagtly bolsaň, menem bagtyýar,

Bagtly men!

Bagtly men!

diýip, şahyr öwran-öwran tekrarlaýar.

Şeýle ajaýyp şygyrlarda waspy ýetirilen Aşgabat şäheri, elbetde, tarypa mynasyp, söýgä-hormata mynasyp. Bu şäheriň goýnunda öz arzuwlarymyzy, öňdäki maksatlarymyzy durmuşymyza ornaşdyrmak bagtynyň nesip edeni üçin, biz, talyp-ýaşlar özümizi “bagtyň atdaşlary” diýip atlandyryp bileris. Çünki biz, bagtly döwrüň bagtyýar ýaşlary, hakykatdanam “bagtyň atdaşlary”. Şeýle döwletli döwrany, bagtyýar günleri serpaý eden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, at-owazy yklymlara ýaýrasyn diýip arzuw edýärin. Toý tutsa, saçagy bilen göwnüni-de bile açýan ähli türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy uludan toýlanýan ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy şeýle-de Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen mähirli gutlaýaryn.

Halypa şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň “Şahyr gyzyň eserisiň, Aşgabat!” diýşi ýaly, sözümizi şeýle setirler bilen jemlemegi müwessa bildik.

Zümerret damjaňda ynam gizlenip,

Gözlerime gaçanynda umytlar.

Bagtyň nury bolup düşlände günler,

Bagtyň özi bolup gelende ýyllar.

Basgançak, basgançak ädip ädimmi,

Goýnuňda düşlämde uçmaha duşdym.

Düýş däl eken, hakykatyň aýnasy,

Erem baglaryňda guşlaň joşmasy.

Şildiräp- şildiräp akýan çeşmeleň,

Bu barlyga ömür baky teşne men.

Jennetiň keşbini siňdirip durka,

Nur paýlap otyrsyň owadan ýurda.

Şinelän arzuwlaň gün açan bagty,

Watan paýtagty.

Gurbanowa Göwher.

Magtymguly adyndaky Türkmen

 döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we

 edebiýaty fakultetiniň II ýyl talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.