Dünýä ylmynyň ösüşine saldamly goşantlar goşan, Merkezi Aziýada ýaşap
geçen alymlaryň biri-de Muhammet al-Horezmidir. Ol Gündogaryň iň ajaýyp, iň
beýik alymlarynyň biri saýylmak bilen, takyk ylymlarynyň – matematikanyň,
astronomiýanyň kemala gelmegine, ösmegine ägirt uly goşant goşdy.
Muhammet al-Horezmi algebra ylmynyň «atasy» hasap edilip, onuň ady
Ýewropadaky häzirki zaman matematika ylmynyň kemala gelmegi bilen gös-göni
baglanyşyklydyr. Onuň arifmetika degişli işleri matematikanyň taryhynda möhüm
orun aldy. Al-Horezmi «Hindi hasaby hakda kitap» atly işinde, ilki bilen, hindileriň
dokuz san belgisi arkaly islendik sany ýazmak bolýandygyny görkezmek
isleýändigini beýan edýär. Ol bu usulyň esasynda sanlary köpeltmek, bölmek,
goşmak we aýyrmak amallaryny ýerine ýetirmegiň aňsatdygyny belläp geçýär. Onuň
bu işinde ilkinji gezek hindilerde ýüze çykan, ýöne uzak wagtlaryň dowamynda
Hindistanyň çäklerinden çykmadyk nol sany ilkinji bolup al-Horezminiň meseleler
çözmekde peýdalanmagy, hindi san belgilerini günbatarly alymlara elýeterli etdi. Al-
Horezmi tarapyndan ulanyşa girizilen nol sany 250 ýyl soň Ýewropada ulanyp
başladylar. Onuñ bu işi, taýýarlan gollanmasy arkaly arap döwletlerine, soňra bolsa
Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýar. Hasaplaýyş ulgamlarynyň artykmaçlyklaryny
görkezmek, düşnükli we sada dilde beýan etmek hem beýik matematik al-Horezminiň
paýyna düşýär. Gündelik durmuşda arifmetikadan peýdalanmagyň, ylmy barlaglary
geçirmegiň ýollaryny ilkinji bolup görkezen we arifmetikany ulgamlaýyn görnüşde
ösdüren beýik matematik al-Horezmidir.
Öz döwrüniň beýik matematigi bolan al-Horezmi diňe bir Gündogaryň ylym
dünýäsine däl, eýsem Günbataryň ylym dünýäsine-de uly täsir edipdir. Günbatar
matematikleri al-Horezimiň uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň netijesi
bolan bu işini matematika ylmynyñ düýp eser hökmünde kabul edipdirler.
Gündogaryñ we günbataryñ bilim dünýäsinde ilkinji kämil algebra kitaby hökmünde
abraý gazanan bu iş ýewropaly alymlaryň täze ylmy işlerine gönezlik bolupdyr. Ol
häzirki ýokary algebranyň ýüze çykmagyna hem oňaýly täsirini ýetiripdir.
Matematikanyň taryhyny öwrenýän alymlar beýik alym al-Horezimniň «Algebradan
we almukabalydan hasaplamak boýunça gysgaça kitap» atly işiniň Ýewropada ilkinji
öwrenilip başlanandygyny, şol döwrüň alymlarynyň ýankitabyna öwrülendigini
tassyklaýarlar.
Beýik alymyň ýaşan wagtyndan bäri, on iki asyrdan gowrak wagt geçen hem
bolsa, dünýä jemgyýetçiligi onuň galdyryp giden ylmy mirasyna goýýan sarpasy
hem-de ony öwrenmeklige bolan islegi ýokarlygyna galýar.

Amangeldiýewa Sähra

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.