Hormatly Prezidentimiziň çuň pähim-paýhasyndan dörän we döwet
galamyndan syzylyp çykan edebi-çeper we ylmy kitaplar baý maglumat gorlary
bilen täze pikir öwrümleriniň kemala gelmeginde möhüm ähmiýetliligi bilen
tapawutlanýar. Geçmişe, häzirki zamana we geljege filosofiki nukdaýnazardan
seljerme berip, ertiriň hatyrasyna şu günüň gymmatyny aýdyňlaşdyrýan Milli
Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda geçmişiň beýik
akyldarlarynyň we taryha şan beren şahsyýetleriniň paýhasly pikirlerine uly hormat
goýýar. Şol akyldarlaryň biri hem Döwletmämmet Azadydyr. Kitapda türkmen
alymy hem akyldary Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy – Azat» atly poemasy
barada ýatlanylyp geçilýär. Akyldar şahyr özüniň «Wagzy – Azat» kitabynda bütin
ömründe jemlenen ylym hem terbiýe meselesindäki durmuş hem ylym tejribesiniň
ählisini giňişleýin we çuňlugynda bermegi başarypdyr. Azadynyň bu kitaby 4
bölüme bölünen hem bolsa, onuň ählisiniň many-mazmunynda, ideýa –
ýörelgelerinde bir bitewi pikir – adamy kemala getirmek, adamyň ýagty dünýädäki
ömrüniň gymmatyna düşünmek we adam dilýilýän sözüň ýaşaýyş ömründäki,
ynsan gatnaşyklaryndaky ýokary kämillige esaslanmagy esasy mesele edilip
goýulýar. Islendik babatda aýdanyňda-da, şol terbiýe meselesinde Azady
maşgalany, mugallymy, halypany, durmuşy, jemgyýetdäki adam gatnaşyklaryny
we kämillik meseleleriniň ählisini bir bitewi galyba salmak bilen, olary terbiýäniň
gönezliginde görýär. Bu babatda Magtymguly Pyragy hem Azadynyň şeýle ýol-
ýörelgesini özüniň döredijiliginiň baş maksady, ideýa-ugry edip kesgitledi. Ilkinji
nobatda esas bolup adam we onuň ýokary kämilligi, aň gözgüsiniň arçalmagy we
onuň jemgyýetdäki kämil, mynasyp ornuny tapmagy hakyndaky mesele Pyragynyň
döredijiliginiň esasy sütüni, gönezligidir. Azady bilen Pyragynyň arasyndaky ata –
halypa – alym we durmuş bilen dana hökmündäki birek-birege gatnaşyklarynyň
özboluşly aýratynlyklary Pyragynyň Azada bagyşlanan birnäçe şygyrlarynyň
many-mazmunynda anyk keşbe eýe bolýar. Pyragynyň ylma, atasyna goýýan beýik
sarpasyny we onuň aň kämilligindäki iň ýokary derejesini aňladýan «Ylym atam
ussat pederdir» diýýän setirleri şahyryň kemala gelmeginde, ruhy kämilliginiň iň
ýokary derejelere göterilmeginde Azadynyň kämil halypa hökmündäki esasy
ornuny aňlamak bolýar.
Adamzadyň aň ösüşinde we onuň akyl kämilliginde esasy meseleleriň biri
şahsyýeti kemala getirmek. Nesil terbiýesinde jemgyýetçilik aň kämilliginiň
ösüşleriniň ähli babatdaky gönezligini ýola goýmak bolýar. Şu mesele türkmeniň
millet hökmündäki dörän gününden bäri nesil terbiýesinde esasy mesele bolup öňe
çykypdyr. Häzirki döwürde-de ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen milli
häsiýetleriniň ählisi nesil terbiýesine dolulaýyn siňdirilýär. Hormatly

Prezidentimiziň «Döwlet guşy» atly romanynda kiçijek Mälikgulynyň keşbiniň üsti
bilen onuň kemala gelmeginde milli terbiýäniň, şonuň bilen birlikde saz, söz
sungatynyň täsirleriniň çeper beýanynyň inçelik bilen açylyp görkezilmegi hem şu
günki gün döwrüň ruhuny açyp görkezmekde, döwrüň kämil şahsyýetini kemala
getirmekde esasy nusga bolup durýar. Bu babatda Döwletmämmet Azady bilen
Magtymgulynyň hem şahsyýeti kemala getirmek, nesil terbiýesi, adam hakyndaky
duýgy-düşünjeleri, pikirleri umumy bir kökden – bitewilikden gözbaş alyp
gaýdýar.
Beýik şahyr Magtymguly Pyragy özüniň ilkinji bilimini, kämillik
sapaklaryny atasy Döwletmämmet Azadydan alypdy, talapkär alym, ata hökmünde
Azady onuň ylma-bilime sary rowan ýollaryna ak ýol açypdy. Döwletmämmet
Azady özüniň ogluna arap, pars dillerini kemsiz derejede öwredipdi, çünki arap,
pars dillerini düýpli öwrenmek meselesi döwrüň baş talaby bolup durýardy.
Sebäbi Gündogaryň taryhyna, edebiýatyna, filosofiýasyna, şygyr sungatyna
düşünmekligiň gönezligi şu diller bilen bagly bolup, ähli kitaplar, ylmy işler şu
dilde ýazylandy. Hut, şu dilleriň üsti bilen şahyr ylym dünýäsiniň çuňluklaryna
içgin aralaşyp, Arastu, Eflatun ýaly filosoflaryň beýik pikirlerine gark bolupdy.
Döwletmämmet Azady bilen onuň şahyr ogly Magtymguly Pyragy we olaryň
ylmy, döredijilik gatnaşyklary dogrusynda ençeme rowaýatlar, gürrüňler saklanyp
galypdyr. Galyberse-de, bu gatnaşyklar hem-de şahyr ogluň öz atasy, ylym
ussadyna goýan sarpasy hakynda Magtymguly Pyragy ömür salynda kän-kän
şygyrlar ýazypdy. Bu iki ussadyň ruhundaky, kalbyndaky ýakynlyk çuňdy we
tükeniksizdi. Käteler, Azady Magtymgulynyň akyl goruny synaga salyp, mizan
terezisinde goýýardy. Ussadyň synagy agyrdy, güzaplydy, emma onda bilmek
höwesiniň täsin bir lezzeti bardy:

Azady: Azady aýdadyr, ýetmiş,
Nedir bu dünýäni tutmuş,
Kaýsy pygamberdir ýitmiş,
Ne ýerde ile ugraşdy.

Magtymguly: Magtymguly, aýdar ýetmiş,
Yklymdyr dünýäni tutmuş.
Ýusup pygamberdir ýitmiş,
Müsürde ile ugraşdy.

Özüniň taýsyz zehini, okumyş-danalygy bilen Magtymguly Pyragy öz
döwrüniň iň kämil bilimlerini ýokary derejede özleşdirip, giň akyl goruna eýe
bolýar. Okamak, öwrenmek onuň ömrüniň manysyna öwrülip, ol ylym-bilimi
bagtly geljegiň gönezligi hasaplap, öz atasy Döwletmämmet Azadynyň bu
babatdaky ýörelgelerine wepaly bolup galypdyr.
Özüniň paýhas ummanynyň dürdänelerini siňdirip ýazan “Wagzy-Azat“
eseri bilen bütin Gündogar edebiýatynda öçmejek yz galdyran, alym, aryf
Döwletmämmet Azady dört bölümden ybarat bu kitabynyň bir bölümini adamzat
akylynyň gözbaş-çeşmesi bolan ylym-bilim meselesine bagyşlapdyr. Akyldar ylym
we alymlar hakynda, olaryň jemgyýetdäki orny, adamzadyň akyl kämilliginiň
ösüşindäki gymmaty, il-ulusyň arasyndaky abraý-mertebesi hakynda çeper sözüň
üsti bilen ajaýyp pikirleri öňe sürüpdir, döwlet meselelerini edara etmekde ylmyň
ähmiýetini nygtapdyr.
Alymyň akyldar ogly Magtymguly Pyragy öz pikir-garaýyşlarynda
Azadynyň alymlar, ylym, bilim babatyndaky pikirlerini düýpli ösdürmek bilen, bu
meselede pikir babatynda has öňe gidişlikler gazandy. Şahyr alymlaryň, ylym-
bilimiň jemgyýetiň ösüşinde, halkyň akyl gözgüsiniň açylmagynda agzybirligiň,
jebisligiň, berkarar döwletliligiň kemal tapmagynda ilkinji zerurlykdygynyň,
wajypdygynyň ähmiýetini we onuň çuňňur taryhy köklerini açyp görkezdi.
Alymyň jemgyýetdäki ornunyň näderejede belentdigine şahyryň «Alymlara uýsaň
açylar gözüň», «Alymlar kemelse edep tapmas sen» diýen çuň manyly setirleri
hem aýdyň mysaldyr.
Beýik alym akyldarlaryň, bu iki ussadyň alymlar, ylym-bilim babatyndaky
parasatly pikirlerini hormatly Prezidentimiz has ýokary derejede ösdürmek bilen,
ony dünýä derejesinde belentliklere göterdi. Ýurt Baştutanymyzyň taýsyz
tagallasy bilen ykbaly göterilip, abraý-mertebesi dünýä ýaýylýan Türkmenistan
döwletimizde ylym-bilim ulgamyndaky beýik işler taryhyň gatlaryna altyn harplar
bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine bellenilen
ilkinji gününden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abadançylykly
ösüşleriniň özenini ozaly bilen bilim, ylym ulgamyny kämilleşdirmekde gördi.
Ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýetiň
pudaklaryna ornaşdyrmak, şular bilen birlikde türkmen jemgyýetiniň aň-
düşünjesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň bilim strategiýasynyň esasy
ugurlarydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylma daýanmazdan, ony
hemmetaraplaýyn ösdürmezden döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmak
mümkin däldir.

Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň mertebe – şany biziň
ajap zamanamyzda has-da belende göterildi. Goý, milli edebiýatymyza we
taryhymyza şan beren Gahryman Arkadagymyzyň başy dik, işi rowaç bolsun!
Mährijemal Hapyzowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.