Grek çeşmelerinde «Margiana», gadymy pars ýazgylarynda «Marguş»,
otpazarlaryň mukaddes kitaby «Awestada» bolsa «Mouru», orta asyrlarda
«Horasan şäherleriniň enesi» ady bilen tanalýan Merw dünýä alymlarynyň ykrar
etmekleri boýunça Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý siwilizasiýalary
bilen birlikde dünýäniň gadymy bäşinji medeniýet ojagy hasaplanylýar. Merkezi
Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Merw Türkmenistanyň günorta-
gündogarynda ýerleşip, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgasy bolup hyzmat
edipdir. Uzak taryhy döwürleriň dowamynda sebitiň paýtagty bolan bu örän uly
şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bar. Merw Bagdat, Kair, Şam (Damask) ýaly yslam
dünýäsiniň örän möhüm medeni-syýasy merkezleriniň biri bolupdyr.
Arap we pars dillerinde ýazylan orta asyr ýazuw çeşmelerinde Merw barada
gymmatly maglumatlar berilýär. Onuň orta asyrlardaky ýagdaýy barada bu şähere
gelen arap, pars alymlary Istahry, Makdisi, Ýakut Hamawy, Ibn Esir we beýlekiler
öz işlerinde ýatlapdyrlar. Bu şäher barada aýratyn köp maglumatlary IX-X
asyrlaryň geografik arap ýazuw çeşmelerinde tapmak bolýar. Mysal üçin, dünýäniň
köp ýurtlaryna, şol sanda Eýrana, Merkezi Aziýa, Hindistana we Hytaýa syýahat
eden IX asyryň meşhur arap taryhçysy we geografy al-Ýakubyň «Kitap al-Buldan»
(«Ýurtlar hakynda kitap») atly işinde Merw barada gymmatly we täsin
maglumatlar bar. Ol Merwiň Horasanda iň meşhur şäherdigi barada ýazýar. X
asyryň meşhur «Hudud ul-Älem» («Dünýäniň serhetleri») kitabynda Merwiň iri
şäherdigi we gadymy döwürlerde Horasan hökümdarynyň köşgi bolandygy barada
habar berilýär. Merw taryhda gadymy iri şäher bolmak bilen belli çäklenmän,
eýsem, onuň meşhur kitaphanalary hem dünýä alymlaryny özüne çekipdir. IX
asyryň aýaklarynda we X asyryň başlarynda halyf Harun ar-Reşidiň özi dünýäde
seýrek duş gelýän kitaplary okamak üçin Merwe birnäçe gezek gelipdir.
Merwiň belli kitaphanalary barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher
paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda
şeýle diýilýär: «Merw kitaphanalary barada arap alymy Ýakudyň: «Men Merwden
çykyp gaýdanymda bu ýerde uly kitaphanalaryň 10 sanysy bardy. Men bütin
dünýäni aýlanyp, şular ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalary görmedim … Meniň ol
kitaplara bolan söýgim ähli şäherleri ýatdan çykarmaga mejbur etdi. Olar meniň
ünsümi, hatda maşgalamdan we çagalarymdan hem kesä sowýardy» diýen
ýatlamalary mysal getirmek isleýärin». Ýakudyň bu sözleri orta asyryň kuwwatly
şäheri bolan Merwiň at-abraýynyň juda ýokary bolandygyny subut edýär. Merw
Beýik Seljukly türkmenleriň imperiýanyň paýtagty bolmak bilen, ol ep-esli
wagtlap musulman dünýäsinde Bagdatdan soňky ikinji derejeli ylmy we medeni
merkez hasaplanypdyr. Munuň şeýledigine, eger halyfatyň paýtagty Bagdady göz
öňünde tutmasaň, orta asyrlar döwründe Yragyň, Eýranyň, Merkezi Aziýanyň we
Owganystanyň möhüm ylmy we medeni merkezleri bolan Reý, Nişapur, Balh,
Hyrat, Gazna, Buhara, Samarkant, Köneürgenç ýaly şäherleriniň hiç birinde
Merwdäki ýaly köpsanly kitaphanalaryň döredilmändigine göz ýetirýärsiň.
Ýakudyň mysalynda görşümiz ýaly, Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary
ylym-bilmiň ösmegine uly itergi beren ylmy ojaklar bolupdyrlar. Şol bir wagtyň
özünde olar türkmen ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň hem naýbaşy
sahypalaryny emele getirýärler.
Akmeňli NURÝAGDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 201-nji toparyň talyby