Çaý iň meşhur içgileriň biridir. Sarp etmek boýunça, çaý dünýäde ikinji ýerde
durýar diýip, maglumatda aýdylýar. Ony demlemek üçin köplenç gaýnadylan kran
suwy ulanylýar we onuň düzüminde hlor bar. Onuň galyndylary çaýdaky maddalar
bilen täsirleşende , howply bolup biljek, dezinfeksiýanyň goşmaça önümleri
(DGÖ) emele gelýär.
Kolumbiýanyň (ABŞ) Günorta Karolina uniwersitetiniň alymlary, üç sany
gara we gök çaý öndürijilerde, 60-syny PPS tapdylar. Elbetde, suwa garanyňda,
olar çaýyň özünde azdy. Mundan başga-da , gözlegçiler näbelli birleşmeleriň köp
mukdaryny (ähli maddalardan 96 göterimi) tapdylar.
Alymlar tapylan täze maddalaryň on bäşisini anyklamagy başardylar. Olara,
içgidäki polifenollar bilen hloryň reaksiýasy netijesinde emele gelýär.
Şeýle-de bolsa, ýüze çykarylan birleşmeleriň howplydygyny ýa-da däldigini
anyklamak üçin ýene birnäçe gözlegleri geçirmeli. Olar aşa zäherli bolup biler
diýip, barlagyň awtorlary tassyklaýar. Mundan başga-da, alymlar dezinfeksiýanyň
goşmaça önümleriniň, ýaramaz täsirlerinden goranmak üçin, her gün 18-55
käseden köp çaý içmezligi maslahat berýärler.

Aýnur TÖRÄÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň talyby