Microsoft kompaniýasy Surface hatarynda birbada bäş sany täze gajeti
hödürledi. Tanyşdyrylyş kompaniýanyň resmi saýtynda onlaýn görnüşde alnyp
baryldy. Bu barada rbc.ru habar berýär.
Täze önümleriň ilkinjisi Surface Pro 8 planşeti boldy. Ol 32 GB operatiw ýat,
iki sany USB-C Thunderbolt 4 birikdirijisi we 120 Gs çenli ekranyň täzelenme
ýygylygy bilen 13 dýuým displeý bilen üpjün edildi.
Onuň yzyndan arzan Surface Go 3 planşeti görkezildi. Ol täze Intel Pentium
6500Y prosessoryna eýe boldy, onuň netijesinde gurluşyň öndürijiligi 60%
ýokarlandy. Oňa 64 ýa-da 128 GB saklaýjy bilen 4-den 8 GB çenli operatiw ýat
oturdylar.
Surface Pro X planşeti hem has arzan wersiýasyna eýe boldy. Microsoft hem
şeýle gurluşy çykarar, ýöne ol LTE öýjük aragatnaşygyna eýe bolmaz, şol sebäpli
planşetiň bahasy ep-esli arzanlar.
Şeýle-de, kompaniýa eplenýän Surface Duo 2 smartfonynyň ikinji neslini
hödürledi. Gajet kitap ýaly açylýar, bu hem iki ekrany bir wagtyň özünde
ulanmaga mümkinçilik berýär. Smartfon üç kameraly ulgam, 5G-ni göterýän
Qualcomm Snapdragon 888 prosessory bilen üpjün edildi. Ol 90 Gs çenli ekranyň
täzelenme ýygylygy bilen 8,3 dýuým displeýe eýe boldy. Kamera programmasy iki
ekranda işleýär, şol sebäpli öňki suratyňy täze suratyň gapdalynda görmek bolýar
ýa-da suraty derrew beýleki ekranda redaktirlemek bolýar. Kompaniýa bir displeýi
kontroller, ikinjisini bolsa oýny görkezmek üçin ulanar ýaly, 150 töweregi oýnuň
iki ekrana görä uýgunlaşdyrylandygyny habar berdi.
Ýene bir täze önüm Surface Studio noutbugy boldy. Onuň 14,4 dýuýmlyk
PixelSense ekrany bar. Bu gurluşy doly klawiaturaly adaty noutbuk ýa-da planşet
görnüşinde ulanmak bolýar.
Mundan başga-da, kompaniýa ösüş aýratynlyklary bolan adamlar üçin ýörite
Surface Adaptive Kit aksessuaryny hödürledi. Klawiatura we beýleki Microsoft
gurluşlary üçin bu stikerler we ýarlyklar toplumy göreji pes bolan adamlaryň
klawiaturadan aňsat peýdalanyp bilmegi üçin niýetlenendir. Şeýle-de, täze
aksessuarlara 20%-i ummandan ýygnalan gaýtadan işlenen plastikden bolan
kompýuter syçanjygy goşuldy.
Arslan HEMRAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby