Men haýsy mertebä aýak bassam,hemişe öňümde bu
Türkmen gojasynyň yzlaryny görýärin.
Jelaleddin Rumy.
Ömri we döredijiligi. Ýunus Emräniň asly Horasandan Anadola göç
eden türkmen Ysmaýyl Hajynyň neberelerinden bolupdyr. Ol, takmynan,
1240-njy ýyllarda Türkiýäniň Siwrihysar welaýatynyň Saryköý diýen
obasynda doglup, 1320-nji ýyllarda hem şol ýerlerde aradan çykypdyr.
Türkmen okyjylarynyň Ýunus Emräniň döredijiligi bilen tanyşlygy,
esasan, Garaşsyzlyk ýyllarymyzda başlandy. Onuň eserleri ilkinji gezek
1991-nji ýylda “Güldesse” ady bilen neşir edildi. Türkiýede şahyryň eserleri
birnäçe gezek çap edildi.
Ýunus Emre XIII asyrynyň ikinji ýarymynda, XIV Asyryň başlarynda
türki kowumlarynyň arasynda şöhrat gazanyp, beýik mertebelere ýeten
ussatdyr. Baryp, ondan bäş asyr soň ýaşan Magtymguly Pyragynyň:
“Kuranda gördügin sözlär tilimiz” diýip aýdyşy ýaly, Ýunus Emräni hemil
içinde abraýa-şöhrata ýetiren ilkinji sebäp onuň ylymdan, dinden ýokary
derejede bilimli,sowatly bolanlygydyr. Ýunus Emre öz döwründe musulman
dini ylmynyň adamzada beren düşünjelerine garamazdan ol ylym-bilim
almagyň ähmiýetine ýokary baha berýär.
Ylym ylmy bilmekdir,
Ylym kendiň bilmekdir.
Sen kendiňi bilmeseň,
Bu niçik okamakdyr.
Bu setirlerde ylmyň iň naýbaşysynyň öz-özüňi Tanamaga kömek edýän
ylymdygy aýdylýar.
Men ýöriremýana-ýana,
Yşk boýady meni gana,
Ne hassaýam, ne diwana,
Gel, gör meni yşk neýledi?
Ýunus diýer,awaraýam,
Başdan-aýaga ýaraýam,
Dost ilinden awaraýam,
Gel, gör meni yşk neýledi?
Yşk her niçik azarly,jebir-jepaly bolsa-da,ol bende üçin derman närse
bolup durýar.Yşkdan jyda düş-mek şahyr üçin iň aýylganç jeza bolup
görünýär. Çünki yşga ýanyp ýörmegiň özi şu dünýäde ýaşap ýörmegi
aňladýar. Yşk – şahyr üçin şu dünýäde barlyk. Ýunus Emräniň ilkinji halypasy
Tapdyk Emredir. Ýunus Emre edebi Tahallusy hem şondan geçendir.
Bu barada Ýunus Emre:
Bardygymyz illere, şol sapa köňüllere,
Baba Tapdyk manysyn saçdyk, alhamdulillah.
Tapdygyň tapysynda, gul bolduk gapysynda,
Ýunus misgin çig idi, bişdik alhamdulillah – diýýär.
Ýunus Emräniň käte göwnüçökgünligine urýan ýaly duýulýan şygyrlary hem
duşýar. Meselem, ol gazal bilen ýazylan “Ömrüm seni” diýen şygrynda:
Ömrüm, meni sen aldadyň, ah, nädeýin, ömrüm, seni,
Meni deprenmeze goýduň, ah, nädeýin ömrüm,seni-
diýip zarynlaýar. Birbada göräýmäge, şahyr bu ýerde bir gün geljek fiziki
ölümden gorkup nalaýan ýaly.
Ýöne:
Bäri gapydan geçmeseň, göçgünçi kibi göçmeseň,
Ölüm şerabyn içmeseň, ah, nädeýin, ömrüm, seni.
diýen ýaly setirlerini okap göreniňde, şahyry gorkuzyp hasrata goýýan
zadyň fiziki ölüm däl-de, ondan soňky boljak hasapdygyny aňlamak bolýar.
Şahyr özüniň “Dost işi” şygrynda:
Dostdan habar sorar iseň,
Güzap degildir dost işi.
Belli biliň, hiç nesnedir,
Bu jahanda dostsuz kişi…
diýip, Dostuň, ýagny Hudaýyň işiniň bendeleri üçin azaply işdigini,
Hudaýdan daş düşen, imansyz kişiniň hiç kimdigini aýdýar.
Ylýas GURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby