Şekeriň aşa köp sarp edilmeginiň ýaramaz netijeleriniň sanawyna semizlik
hem goşuldy. Şeýle hem, şeker köp mukdarda sarp edilse, öýjükleriň oňa bolan
duýgurlygy gaçýar, netijede Alsgeýmer keseliniň güýjemegi bilen ikinji görnüşli
süýji keseline we käbir onkologiýa keseline sebäp bolýar.
"Geçirilen gözlegler, şekeriň fagositoza ýaramaz täsir edýändigini subut etdi
bu bolsa immun ulgamyna hem edil şonuň ýaly täsir edýändigini görkezýär" -diýip
dietolog-lukmany ünsi çekdi. Şeýle hem, bu önümiň aşa köp sarp edilmegi bagra
we derä hem ýaramaz täsir edýändigini belläp geçdi. Soňky aýdylan, şeker
molekulalarynyň beloklaryň molekulalaryna ýapyşyp, onuň gurluşyny ýok edip
bilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa öz gezeginde kollageniň işine päsgel
berýär we deriniň wagtyndan öň garramagyna sebäp bolýar.
AÝSENEM Hallyýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby