Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärleriň hem-de kabul edilýän talyplaryň sany ýylyň-ýylyna artýar. Täze, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. 0l ýerlerde okuwlaryň daşary ýurt dillerinde alnyp barylmagy türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýändigini alamatlandyrýar.

Ylym we bilim ulgamynyň berk baglanyşyklydygyny, bilimden paýyny alan ýaşlaryň ylmyň belentliklerine tarap gadam urýandyklaryny biz her ädimde duýup ýaşaýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda okatmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolan ýüzlerçe döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralary açylyp ulanylmaga berildi. Bilim işgärleriniň arasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikdäki Düzgünnamalary esasynda «Ýylyň mugallymy», «Ýylyň terbiýeçisi», talyp ýaşlaryň arasynda «Ýylyň talyby», mekdep okuwçylarynyň arasynda «Kämillige tarap ýol» ýaly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, aspirantlarynyň arasynda yzygiderli ylmy-amaly maslahatlar guralýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyny hem-de Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny kabul etdi. 2020-nji ýylda ýylda Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” hem-de Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Taryh we arheologiýa institutynyň guramagynda “Bitarap Türkmenistan — ÝUNEKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara onlaýn ylmy maslahatlary geçirildi.

Türkmenistan bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda BMG bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Türkmenistan 2014 — 2016-njy ýyllar üçin, soň­ra bolsa 2017 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ösüş maksadynda Ylym we tehnika komissiýasyna iki gezek saýlanyldy.

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelen habaryna görä Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýene-de iki düzüminiň — 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Durmuş ösüş komissiýasynyň hem-de 2021 — 2024-nji ýyllar üçin ösüş maksadynda Ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy.

2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezi döredildi, “Türkmenistanda 2020 —2025-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” we Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýanyň esasy ugurlary boýunça 346 işiň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi. Doktorlyk dissertasiýalarynyň 3-si, kandidatlyk dissertasiýalarynyň 14-si goralyp, degişli alymlyk derejeleri berildi.

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary milletiň intellektual kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak üçin ähli şertleri üpjün etmäge gönükdirilen. Döwlet Baştutanynyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbaly, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň geljegi üçin ýokary jogapkärçilikde jemlenendir. Ýaş nesiller ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän, adamzat pikiriniň beýik gazananlarynyň asyrynda mynasyp ýaşamalydyr we işlemelidir.

Narmyradowa Rahat,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň  Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň  iňlis dili hünäriniň  talyby.