Daşky gurşawy we atmosfera howasyny goramak bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde esasy meseleleriň biri hökmünde öwrenilip, ençeme kanunlar, kodeksler kabul edilýär. Olardan BMG-niň Klimatyň üýtgemegi baradaky çäklendiriji konwensiýasy (KÜÇK) 1992-nji ýylyň maý aýynda Rio-de-Žaneýroda BMG-niň Daşky gurşaw we ösüş baradaky konferensiýasynda (Ýer sammiti) kabul edildi we 1994-nji ýylyň mart aýynda güýje girdi. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, giň möçberli Ekologiýa gaznasy we beýlekiler ýaly abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli hem-de sebitleýin derejelerde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözünde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mesele boýunça şeýle belläp geçdi: “Şu gün biz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny kabul edýäris. Şeýlelik bilen, howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigine aýdyň düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Baş Sekretarynyň ählumumy ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça täsirli çäreleri taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryny goldaýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilen duşuşyklary we halkara maslahatlary dünýäde atmosferany goramak meselelerini çözmäge uly goşant goşdy… Bu teklipleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy görkezmek bolar. Türkmenistan bu garaýşa ygrarly bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde 2016-njy ýylda Aşgabatda şeýle merkezi döretmek üçin zerur işleri geçirmäge taýýardygyny bellemek isleýärin”. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklap, ýurdumyzda howanyň täsirini meýilnamalaşdyrmak we ony seljermek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işiň nobatdaky tapgyryna badalga beripdi.
Bu gün tutuş dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseldip biljekdigine hem-de oňa ykdysadyýetiň we jemgyýetiň uýgunlaşmagyny üpjün etjekdigine göz ýetirmek barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Tutuş adamzat üçin möhüm meseleleriň çözgüdine gönükdirilen halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna Türkmenistan jogapkärli çemeleşýär we bu işe mynasyp goşant goşýar. Çünki, bilelikdäki iş hem-de mümkinçilikleriň utgaşdyrylmagy dünýäde parahatçylygy we durmuş üpjünçiligini saklamagyň ýeke-täk ugrudyr.
Diňe bir öz halkymyzyň asuda we parahat durmuşda ýaşamagy üçin däl-de, umumadamzat parahatçylygyny we howsuzlygyny üpjün etmek babatda birnäçe maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan beýik tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Atajan MYLKYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyñ Inžener Mehanika
fakultetiniň mugallymy