Adaty ýagdaýlarda-da maýyplar – dünýäde bir milliard adam – saglygy goraýyş, bilim, iş üpjünçiligi we jemgyýet bilen gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri az.  Olar garyplykda ýaşamaga, zorluga, äsgermezlige we sütemlere sezewar bolýarlar we krizisden ejir çekýän jemgyýetleriň arasynda iň ejizleridir.

Görüşi pes adamlar üçin çäklendirilen ýerlerde ýaşamak, garaşsyzlyk we izolýasiýa meselesinde birnäçe kynçylyklary döredýär, esasanam, zerurlyklaryny habar bermek we maglumat almak meseleleri olar üçin has-da kyndyr. COVID-19 pandemiýasy, braýl we eşidilýän formatlar ýaly elýeterli formatlarda zerur maglumatlary öndürmegiň nähili möhümdigini görkezdi. Ýogsam, pandemiýanyň ýaýramagyny goramak we azaltmak üçin görkezmelere we ätiýaçlyk çärelerine elýeterliligiň ýoklugy sebäpli maýyplaryň köpüsine ýokaşma howpy has ýokary bolup biler.  Pandemiýa, ähli adamlar üçin sanly goşulyşmagy üpjün etmek üçin ähli sanly giriş çärelerini janlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bu döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň birnäçe bölegi maýyplyga garşy COVID-19 jogabyny goldamak we braýl habarlaryny ýaýratmak üçin iň oňat tejribeleri durmuşa geçirdi.

Bütindünýä Braýl güni, körleriň adam hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegi üçin Braýlyň aragatnaşyk serişdesi hökmünde ähmiýetine düşünmek maksady bilen her ýylyň 5-nji Ýanwarynda bellenilýär.

 Braýl näme?

Braýl, ähli harplary we sanlary, hatda saz, matematiki we ylmy nyşanlary bermek üçin alty nokat ulanyp, elipbiý we san belgileriniň taktil şekillendirilişidir.  Körler tarapyndan görüş şriftleri bilen çap edilen şol bir kitaplary we döwürleýin neşirleri okamak üçin ulanylýar.  Kör we görmeýän adamlar tarapyndan Braýl dilini ulanmak möhüm maglumatlaryň olara we başgalara ýetirilmegini üpjün edýär we hünär ussatlygynyň, garaşsyzlygyň we deňligiň beýanydyr.

Mundan başga-da, Maýyplaryň hukuklary baradaky konwensiýanyň 2-nji maddasyna laýyklykda, Braýl körler üçin aragatnaşyk serişdesidir. Ol bilim we pikir azatlygy hukugynyň ulanylmagy babatynda möhüm ähmiýete eýedir. Maýyplaryň hukuklary baradaky konwensiýanyň 21-nji we 24-nji maddalarynda görkezilişi ýaly ýazmaça görnüşde, şeýle hem körlere sosial goşma kontekstinde maglumat we aragatnaşyga girmek üçin niýetlenendir.

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) maliýeleşdirmegi we Argentinanyň neşirçileri bilen bilelikde körler üçin elektron kitaphanasy bolan Tiflolibros ispan dilinde 800-den gowrak okuw kitaplaryny çykardy.

Kakajan SARYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 321-nji toparynyñ talyby