Wagtyň geçmegi bilen maliýe babatda geçirilýän ylmy işler güýçlendirildi we, esasan hem nemes ykdysady mekdebiniň wekilleriniň tagallasy bilen “maliýe” adalgasynyň bir manyly düşünjesi kesgitlenildi we birmeňzeş atly ylmyň ugrunyň gurluşy takyklanyldy. Maliýäniň nusgawy nazaryýeti diýlip atlandyrylýan taglymat ýüze çykdy. Maliýäniň nusgawy nazaryýeti – bu döwlet we jemagat birleşikleriniň maliýesini alyp barmak boýunça edara ediş we hojalyk babatdaky bilimleriň toplumydyr. Şu bilimleriň özeninde zerur bolan serişdeleri gözläp tapmak we harçlamak boýunça usullaryň ulgamlaşdyrylmagy we kämilleşdirilmegi ýatyr. Şu ugruň gysby we şol bir wagtda dürs kesgitlemesini Pawiýa (Demirgazyk Italiýa) uniwersitetiniň professory L.Kossa berdi. L.Kossanyň maliýe babatdaky ylmy işleri XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda Ýewropa ýurtlarynda uly meşhurlykdan peýdalanýardy. Maliýe baradaky onuň jümlesi şu örtüge örtülýär: “Maliýe ylmy – bu döwlet emläginiň nazaryýetidir. Ol iň bir oňat kadalary öwredýär, olardan gurnamagy, dolandyrmagy we peýdalanmagy öwrenmek bolýar”

Maliýe ylmynyň ýüze çykmagynyň iki aýratynlygyny belläp geçmek zerurdyr. Birinjiden, maliýe döwlet serişdeleri diýlip tekrarlanýardy. Soňra onuň hereket edýän çygryny giňeltdiler, onuň düzümine jemagat birleşiklerine (munisipalitetlere, grafstwalara, aýry-aýry çäklere, obşinalara we ş.m.) degişli serişdeleri goşdular. Ikinjiden, maliýe diýlip diňe pul serişdeleri hasaplanyl-maýardy; pul, materiallar, hyzmatlar görnüşinde alynýan islendik serişdeler maliýe diýlip düşünilýärdi.

Iki ýüz ýyldan gowrak dowam eden maliýäniň nusgawy nazaryýetiniň emele gelen we kämilleşdirilen döwri XX asyryň ortalarynda tamamlanyldy. Ikinji jahançylyk urşuň öň ýanynda we ol tamamlanandan soň, dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaý düýpgöter üýtgäp başlaýar. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi we kämilleşdirilmegi bilen döwletiň we jemagat birleşikleriniň ykdysadyýetde tutýan orny pese düşüp başlaýar. Maýa bazarlarynyň ösmegi we globallaşmagy, transmilli kompaniýalaryň tutýan ornunyň ýokarlanmagy, önümçilik çygrynda ykdysady gatnaşyklaryň jemlenmegi, telekeçiligiň islendik görnüşini serişdeler bilen üpjün etmek ulgamynda merkezi orun tutýan maliýe serişdeleriniň ähmiýetiniň güýçlenmegi, XX asyryň ortalarynda islendik ykdysady ulgamynyň esasy ulgam düzüjisi bolup durýan, ýagny hojalygy alyp barýan subýektleriň derejesinde maliýäniň tutýan ornuna nazaryýet taýdan gaýtadan seredip geçmek zerurlygyna getirdi. Iňlis-amerikan maliýe mekdebiniň wekilleriniň tagallary bilen maliýe nazaryýeti täze mana eýe boldy.

Gülsoltan GARAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe  institutynyň  4-nji ýyl talyby.