Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gözel tebigaty, ynsan saglygyna melhemlik täsirli dermanlyk ösümliklere iňňän baýdyr. Munuň şeýledigini Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndaky dermanlyk ösümlikler bilen baglanyşykly beýan edilýän giňişleýin maglumatlary hem tassyklaýar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri hem ýüzärlikdir. Il içinde ýüzärlik ýüz derdiň dermany hasaplanylýar. Bu dogrusynda Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda şeýle belleýär: “Muhammet Hüseýn Gündogar halk lukmançylygynda bu ösümligiň ulanylyşy barada şeýle ýazýar: «Üzärlik näzik serişde, çyglygyň netijesinde dörän kükrek kesellerini bejerýär. Ysy hem içegedäki ýeli aýyrýar; aşgazandaky we içegelerdäki ereýän hem-de goýy, iriňli massalary aýyrýar».

Bu ösümligiň dürli häsiýetleri barada hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik ylmy işinde gymmatly maglumatlar berilýär.

Ýüzärlik toýunly çägesöw toprakda ösýär. Ol topraga ýyly gidip ugraýan ýaz paslynda gülleýär. Onuň gülüniň açyk sary ýa-da ak bolýar. Ýüzärlikde çöllerde, guýulara ýakynyrak ýerlerde, baýyrlarda, ýoluň gyralarynda ösýär.

Ýüzärlik dermanlyk häsiýete eýedir, ösüp oturan ýüzärligiň ýokarky bölegi orulyp alynýar we kölegede şemal çalynýan ýerde guradylýar. Halk tebipçiliginde ýüzärlik häzire çenli ýokary derejeli derman-däri hökmünde giňden ulanylýar. Ugur-ýol bilýän eli ýeňil tebipler guradylan ýüzärlikden çaý demläp, sowuklany, garaguş kesellini, böwrek agyrylyny bejerýärler. Agzy çaýkap dişagyryny, daşyndan çalyp gözagryny bejerýärler. Ýüzäligiň güýji bilen aşgazan, içege, öthalta keselleri bejerilýär.

Guradylan ýüzärligiň 100 gramyny 10 litr suwda 15 – 20 minut gaýnadyp, hasadan süzüp, 40 gradus ýylylykdaky suwda syrkawy ýuwundyrsaň, guryagyra peýdasy bardyr. Alymlaryň barlagynyň netijesi şeýle görkezýär: ýüzärligiň 10 göterimli gaýnatmasy bedendäki zyýanly mikroblary gyrýar. Ýüzärlikden alynýan garmin serişdesi beýnä täsir edip, adamyň gan basyşyny peseldýär, de almasyny güýçlendirýär, içegäniň, ýatgynyň, ýüregiň myşsalaryny kadalaşdyrýar we gan damaryny giňeldýär.

Myradowa Täç

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrynyň 3-nji ýyl talyby.