Alymlar Efiopiýanyň günorta-günbataryndaky Omo Kibiş formasiýasyndan emele gelen gadymy adamyň galyndylarynyň ýaşyny täzeden derňediler. Galyndylar ep-esli köne bolup çykdy – ozal pikir edişimiz ýaly 197 müň ýyl däl-de, 233 müň ýyl. Homo sapiens şu güne çenli dünýädäki iň gadymy tapyndy. Gözlegiň netijeleri Nature žurnalynda çap edildi.
Afrikada, anatomiki taýdan häzirki zaman adamlarynyň galyndylarynyň tapylan sekiz sany ýeri bar, olar ýaşy boýunça orta Plestoseniň döwrüne degişlidir. Bu tapyndylaryň ýaşy, örän şertli ýagdaýlarda kesgitlenýär – 350-den 130 müň ýyl ozal çäklerinde. Bu, çaklamalarа görä Homo sapiens görnüşi takmynan 350-200 müň ýyldan ozal dörändigini we iň ýakyn ata-babalaryndan bölünendigini görkezýän adam ewolýusiýasynyň köp görnüşine deň gelýär. Ýöne alymlar häzirki zaman adamlarynyň iň irki tapyndylarynyň ýaşyny has takyk kesgitlemegiň ýollaryny gözleýärler.
Ataýew Röwşen,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň,
Weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.