Berhiz lukmany Natalýa Nefedowa adamyň süýt içip biljekdigini ýa-da ýokdugyny nädip kesgitlemelidigini aýtdy. Munuň üçin genetiki ýa-da beýleki gymmat bahaly barlaglar gerek däl.

Lukmanyň belleýşi ýaly, sizde laktoza çydamsyzlyk ýagdaýynyň bardygyny bilmek üçin diňe özüňizi üns bilen synlamak ýeterlikdir. Laktoza çydamsyzlygy islendik ýaşda ýüze çykyp biler we şol bir wagtyň özünde köp adamlar saglygyna zyýan bermezden bütin ömrüne süýt iýýärler.

Nefedowa, özüňizde laktoza çydamsyzlygyň bardygyny kesgitlemek üçin bedeniňiziň süýde bolan reaksiýasyna esaslanyp bilersiňiz – onuň düzüminde turşysüýt we beýleki süýt önümlerine garanyňda has köp laktoza bar diýip, belledi. “ Bary bir siz 30 ýaşa çenli çydamsyzlygyň bardygyny ýa-da ýokdugyna düşünersiňiz. Süýt önümlerini we esasanam süýt içilenden soňra iç ýellenmesi, ýürek bulanma we içgeçme ýaly bozulmalary duýup bilersiňiz, sebäbi gatykda we peýnirde laktoza az “-diýip lukman gürrüň berdi.

Şammedow Röwşen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby