Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça täze sepgitleri gazanýandygyny aýdyň görmek bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Garaşsyz Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda nakgaşçylygyň, heýkeltaraşlygyň, zergärçiligiň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegi biziň üçin buýsançdyr” diýen sözleri halkyň ruhy dünýäsiniň baý bolmaklygyny nazarlap, ylym-bilimi, edebiýaty, sungaty, medeniýeti, edebi mirasy ösdürmek we dürs öwrenmek barada giň mümkinçilikler açýandygyna şaýatlyk edýär. Şol sanda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda milli mirasymyzy wasp etmek, wagyz etmek maksady bilen

“Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,

Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan” atly milli medeni mirasymyza bagyşlanylan dabara geçirildi. Bu geçirilen dabarada şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlary boýunça, olaryň inçe tilsimleri, gadymylygy, mizemezligi we gymmatlygy barada halka ýetirildi.

“Amala – haşam sungatyna” degişlilikde zergärçilik sungatynyň döreýiş gözbaşlary şöhratly taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşýar. Munuň şeýledigini diýarymyzyň dürli künjeklerinden ýüze çykarylan arheologik tapyndylar tassyklaýar. Mysal üçin, orta daş (mezolit) eýýamyna degişli Jebel gonalgasyndan balykgulaklardan ýasalan ýönekeý bezeg monjuklary tapyldy. Gojaman Hazaryň kenaryndaky Gubaseňňir burnunyň gaýaly belentliginden bolsa orta daş döwrüne degişli “zergärçilik” ussahanasynyň üsti açyldy. Bu ussahana monjuklary ýasamak sungatynyň iň gadymy ojaklarynyň biri hökmünde dünýäniň sungaty öwreniş ylmynda meşhurdyr. Taryhy maglumatlara görä orta asyrlarda diýarymyzyň dürli künjeklerinde medeniýetiň pajarlap ösen Merw, Şähryslam, Dehistan, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly şäherlerinde öndürilen şaý-sepleriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen goňşy döwletleriň çäklerine hem ýaýrandygyny habar berýär.  Häzirki wagta çenli türkmen taryhçylary, etnograflary we sungaty öwrenijileri türkmen şaý-seplerine bagyşlanan birnäçe ylmy barlaglary geçirip, gymmatly maglumatlary ýygnaýarlar. Halkyň maddy we ruhy durmuş derejesiniň ýokarlanmagy şaý-sepleriň kämilleşmegine, zergärçilik sungatynyň ösmegine alyp barýar. Beýle ýagdaý bezeg şaýlary ýasamak üçin kämilleşen gurallaryň, ýokary hilli, nepis şaýlaryň bejerilip taýýarlanylmagyna, täze has çylşyrymly nagyşlar toplumynyň döremegine getirýär, sebäbi halkyň durmuş derejesi, milli medeniýeti, onuň ýaşaýan jemgyýetiniň ykdysady we medeni taýdan ösüş derejesine baglydyr.

XIX – XX asyrlarda zergär ussalar gelin-gyzlaryň şaý-seplerini, bedewleri bezemek üçin şaýlary, nallary, pyçaklary, gylyçlary, erkek adamlaryň kemerlerini, guşaklaryny ýokary ussatlyk bilen bezäpdirler. Bezeg şaýlary esasan kümüşden, altyndan ýasalyp, hakyk, pöwrize, lagyl, merjen, ýakut, zümerret, zeberjet ýaly daşlar, dürli minerallar bilen taýýarlanyp haşamlanypdyr, soňabaka reňkli aýna çüýşeleri ulanylyp başlanylypdyr.

Zergärçilik sungaty demir ussaçylygy bilen baglanyşykly bolup, olar bir ýerde bilelikde işläpdirler. Olar sowuk ýaraglary bolan, gylyç, jöwher pyçaklaryny oýup, nagyş çekip, pyçagyň ýaňaklaryna altyndan ýagşy niýetleri ýazypdyrlar. Pyçagyň gynyna bolsa, zergär ussanyň we niýetlenen adamynyň ady ýazylypdyr. Bulardan başga-da, orak, syndy, keser ýaly gurallary hem ýasapdyrlar. Zergärleriň esasy iş gurallarynyň biri sandal bolup, ony irki döwürlerde ulananlarynda ury (gymmat zatlary, azyk harytlary saklamak üçin ýer) gazyp, işläpdirler. Polatdyr, demiriň sesi eşidilmez ýaly sandaly çäge bilen keçäniň üstünde goýup urupdyrlar.

Milli zergärçilik önümlerimiz ýasalyş  tilsimleri, nepisligi, aňrybaş kämilligi bilen görenleri haýrana goýýar. Türkmen zergärçilik önümleri sebitler boýunça çeper aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Meselem, Ahal, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň zergär ussalaryndan tapawutlylykda, Lebap welaýatynyň zergärleri öz önümleriniň ýüzüne altyn çaýmandyrlar. Hazar deňziniň ýakasyndaky ýomutlar, şonuň ýaly-da gazak çarwalary bilen aragatnaşykda bolan demirgazyk ýomutlary ýedi gat kümüşiň ýüzüne bir gat altyny kebşirläpdirler. Kümşüň ýüzüne ýuka gyzyly “Ýedi ölçäp, bir kes” diýlişi ýaly, ýedi ölçegiň (7 mm) üstüne bir ölçeg (1 mm) galyňlykda altyn goýulup kakylýar. Kümüş bilen gyzyly bilelikde çekiç bilen ýaýyp, uly derejä getirýärler, soňra gerekli nusgalaryny kesip alyp, galyba urup nagyş edipdirler.

Çeperçilik taýdan iňňän inçe, owadanlykda deňsiz-taýsyz şaý-seplerde halkymyzyň örän baý, hiç haçan egsilmejek döredijilik äleminiň täsin gözellikleri jemlenendir. Türkmen şaý-seplerinde haýwanat, ösümlik dünýäsinde duş gelýän janly-jandarlara (“ýylanyzy”, “goçak”, “goçbuýnuz”, “uly goçak”, “towşankelle”, “möjekkelle”, “pyşbaga”, “balyk”, “goşabalyk”, “kebelek”, “möý”, “hüwi”, “guşgözi”), asman jisimlerine (“aýgyzyl”, ýyldyz, ýyldyzlar toplumy), geometrik şekillere (üçburçluklar, dörtburçluklar, aýlawlar, ýarymaýlawlar) meňzedilip döredilen nagyşlar bardyr. “Ýylan”, “ýylanyzy” türkmen şaý-seplerinde iň köp ýaýran nagyşlaryň biridir. Kümüş simden emele gelen bu nagyş şaýyň ýüzüne kebşirlenip, önümleriň gyrasyna ýa-da orta böleginde salynýar. Geçmişde türkmenler şeýle nagyşly şaýlaryň adamy her hili howply ýagdaýda hem goraýandygyna ynanypdyrlar. Ösümlik dünýäsine ýanalyp döredilen nagyşlar – islimiler, gülleriň gunçalary, ýapraklar we şahajyklar, haýwanlar ýa-da olaryň belli bir alamatlary şekillendirilýär. Mysal üçin, goçuň şahy, bu uly goçak nagşy bilen bellidir. Älemiň gelip çykyşy hakyndaky taglymata eýerilip döredilen nagyşlar – aýyň, ýyldyzlaryň we ş. m. şekilleri bar. “Guşgözi” nagşy  şaý-seplerde iň köp ýaýran nagyşlaryň  biridir. Bu nagyş Ahal welaýatynyň zenanlaryň heýkel, tumar, dagdan baglaryny, erkekleriň dakynan kemerlerini, bedew atlara dakylýan göwüsbent şaýyny bezeýär. Türkmen zergärçiliginde “hüwi guşy” atly nagyş zenan şaý-sepleriniň ýokarky gyrasynyň bezegi bolup, onda hüwi kellesiniň suduryny görmek bolýar. Ata-babalarymyz guşlara erkana durmuşyň, parahatçylygyň nyşany, abat ojagyň, wepalylygyň, birek-birege mähremligiň alamaty diýip düşünipdirler. “Balyk”  nagşy durmuş üçin möhüm hasaplanylýan suwuň nyşanydyr. Bu nagşyň täk hem-de biri-birine bakdyrylyp jübüt setir edilip salnan görnüşleri bar. “Balyk” nagşy gelin-gyzlaryň bileziklerinde has köp ýaýrapdyr. “Goçbuýnuz”, “goçak”, “uly goçak” atlandyrylýan nagyşlar zergärçilikde ululy-kiçili edilip salnan görnüşlerde köp ýaýrandyr. Ol güýjüň nyşany bolup, zenanlaryň dakynýan şaý-sepleri bolan bukawyň, dagdanyň, eginligiň, gülýakanyň, gönjügiň, ýeňseligiň, maňlaýlygyň, sümsüläniň, ildirgijiň we teneçiriň bezeginde peýdalanylýar.

Gyzlaryň başyndaky şaý-sepler gadymy harby demir başgaby, döşündäki tegelek gülýaka – galkany, kümüşden edilen apbasylar sowudyň alamatlaryny göz öňüne getirýär. Zergärçilik işleri ýöne bir gözellik taýdan kanagatlandyrman, eýsem olar möhüm dini, däp-dessur aýratynlyklaryny hem amal edýärler. Şonuň üçin zergärçilik senetleriniň arasynda gözden-dilden goramak maksady bilen ýasalan dagdanlar, tumarlar, heýkeller hem bar. Zergärler şeýle şaý-sepleri ýasanlarynda zenanlarynyň ýaş aýratynlygyny hökman göz öňünde tutupdyrlar. Gyzlaryň tahýalaryna gupba, sümsüle, alynşaý, ýeňselik, akdyrma, şakäkil, çekelik, teneçir ýaly şaý-sepler dakylan bolsa, ýaş gelinleriň we aýallaryň başgaplaryny hasawa, egme, maňlaýlyk, ildirgiç, ýaşmagujy (gyňajujy hem diýýärler), kebelek ýaly onlarça şaýlar bezäpdir. Türkmen gelinleriniň başg   aby üçin niýetlenen şaý-sepler maňlaýlyk, egme, ildirgiç bolup, olar börük başgabyna berkidilipdir. Maňlaýlyga kybapdaş şaý-sepler gadymy döwre degişli Merw hudaý aýalynyň heýkeljiginde gabat gelýär. Gupba gyzlaryň tahýasynyň depesine dakylýan, ýerligi kümüşden, ýüzüne altyn çaýylan, hakyk gaşlary oturdylan we “islimi”, “çybyk”, “bugdaý” “dagdan” ýaly nagyşlar bilen bezelen. Gupba gümmeze çalymdaş, ýokarsy kümüş tüýdükli güberçek simler bilen bezelen şaý. Gupbanyň nepisligi, bezegi gyzlaryň ýaş aýratynlyklaryna görä bolýar. Uly gyzlaryň gupbasynda iki çekge tarapyna goýberilýän çekelik, ýeňsesine ýeňselik, öň tarapyna sümsüle, akdyrma ýaly şaýlar dakylýar. Gupbanyň eteginde zynjyrly we aralykly şelpeleri bolýar. Gyzlar hiç hili şelpeleri bolmadyk gupbalardan başlap, ýedi sekiz ýaşyna ýetenlerinde bir-iki gatly, kähalatlarda üç gatly şelpesiz gupbalary tahýalaryna dakypdyrlar. Gelin-gyzlaryň dakynýan şaý-sepleriniň toplumyna çapraz-çaňňa, gursakça, gülýaka, bagjyklyk, sytara, apbasy, gönjük, emelik, eginlik, bukaw, boýuntowuk, dagdan, heýkel, tumar, açarbag, damakmonjuk, ýüzük, kökenliýüzük, bilekse ýaly sanardan kän şaý-sepleri bolup, çaga şaýlary, erkekler we atlar üçin niýetlenilen şaýlarynyň hem birnäçe görnüşleri bar. Milli estetiki pikirleri asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Häzirki zaman zergärçiliginde dowam edip gelýän tehniki usullara we serişdelere  daýanmak bilen milli çeperçilik ýörelgeleri ulanýarlar.

Garaşsyz Türkmenistanyň zergärçilik sungatyna täze öwüşginler girizen ussatlar Gylyçmyrat Ataýewi, Paşaguly Amangulyýewi, Saparmämmet Goşaýewi, Öwez Söýünowy, Myrat Sähedowy, Amansähet Annaberdiýewi, Muhammetoraz Annaamanowy, Ibragim Gajiataýewi, Ylham Kerimowy, Annageldi Täçmyradowy, Serdar Lallykowy, Annaaman Annaamanowy, Salam Nuryýewi we beýleki ussat zergär halypalarymyzy, ýaş zergäler Nurýagdy Mürrikowy, Ogulgerek Myradowany, Aýjemal Çaryýewany, Şirin Gylyjowany, Abdylla Allanurowy goşmak bolar. Zergärler häzirki günde diňe bir bezeg şaýlaryny döretmän, eýsem şanly senelere bagyşlanan sowgatlyk önümleri ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda zergärçilik sungatyna zergär-suratkeşleri täze öwüşgin girizýärler. Geçen asyrlaryň önümleri bilen deňeşdirilende, häzirki zaman zergärçilik sungatynda tehnikanyň we tehnologiýanyň kämilleşmegiň netijesinde  milli we häzirki zaman şaý-sepleriň nusgalary täze haşam bezegleriň, çylşyrymly taslamalaryň dürliligi bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň zergärçilik sungatymyzyň çeper däplerini dowam etdirmekde we kämilleşdirmekde alyp barýan giň gerimli işleri esasynda zergärçilik eserleriniň mazmunynda milliligimizi, döwrümiziň ösüşini, medeni mirasymyzy wagyz etmekde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynda tutýan ornunyň ähmiýetlidigi kesgitlenildi we geljekde bu işleriň dowam etdirilmegi wajypdyr.

BAHAR Magtymowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýanyň

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy