Ýaşyň ulalmagy bilen adam bedeni üýtgeýär. Bu DNK-da we öýjüklerde bolup geçýän dürli prosesleriň esasynda döreýär.
Şeýlelikde, ilki bilen wagtyň geçmegi esasynda adamyň DNK-sy juda az durnuklaşýar. Bu onuň içinde mutasiýalaryň üýşmegi bilen düşündirilýär.
Bedeniň öýjükleriniň biri-biri bilen aragatnaşyk saklamagy kynlaşýar. Garran öýjükler ýygnanyp başlaýarlar we dürli bozulmalary döredýärler. Umuman aýdanyňda, wagtyň geçmegi bilen öýjükler esasy beloklary az-azdan öndürýärler we ýaramaž ýagdaýda saklap başlaýarlar. Şondan soň bolsa kem-kemden hromosomlaryň uçlary (olary “telomerler” diýilip atlandyrylýar) çözülip başlaýar.
Mitohondri atly kiçijik öýjükli “batareýalar” (olar öýjükleri energiýa bilen üpjün edýär) adam garaýan wagtynda kadaly işlemegini bes edýär, ýogyn düýpli öýjükler bolsa (olar beden dokumalarynyň dikelmegine kömek edýärler) inçelýärler. Şeýle hem bedende epigenetiki üýtgeşmeler bolup geçýär. Bular genleriň işjeňligine täsir edýän aýratyn himiki üýtgeşmelerdir.
Netijede, garrylykda, adamlarda ýokumly maddalara duýgurlyk peselýär. Ýagny, önümlerden zerur bolan elementleri almak has kynlaşýar.
Aşyrowa Aýjemal,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby