Gadymy döwürde Ýewropa, Afrika we Aziýanyň arasynda Balkanatoliýa yklymy bar bolup, dünýäniň bu bölekleriniň arasynda köpri bolup hyzmat edipdir.
40-34 million ýyl ozal, ol Ortaýer deňziniň, Balkanlaryň we häzirki Türkiýäniň bir bölegini eýeleýärdi. Hut şu “köpriniň” üsti bilen Aziýanyň süýdemdirijileri günorta Ýewropa baryp, ony kolonizasiýa edipdirler.
Fransiýanyň Milli Ylmy Gözleg Merkeziniň alymlary Balkan we Kiçi Aziýadaky daşdan galyndylary seljerdiler we sebitdäki paleogeografiki üýtgeşmeleri soňky geologiki maglumatlara esaslanyp gözden geçirdiler.
Hatda 50 million ýyl ozal Balkanatoliýa özbaşdak arhipelak bolupdy. Ondan soňra deňiz derejesiniň peselmegi, Antarktidanyň buz gatlaklarynyň ýokarlanmagy we tektoniki süýşmeler Balkanatoliýany Günbatar Ýewropa bilen birikdirdi. Bu waka 40-34 million ýyl ozal bolup geçdi. Soňra bolsa bu “köpri” Ortaýer deňziniň suwlaryndw bölekleýin ýitip gitdi.
Atabaýewa Humaý,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby