Otago uniwersitetiniň hünärmeni doktor Rozmari Braunyň sözlerine görä, süýdemdiriji eneleriň hemmesi çaga doglandan soň özlerini alyp barşyny üýtgedýärler. Hususan-da, olarda çagany her hili ýagdaýda howpdan agressiw ýagdaýda goramak islegi peýda bolýar. Bu ýagdaýa, gözlegiň dowamynda göz ýetirilen prolaktin gormony jogapkärdir.
Göwrelilik we ene süýdi bilen iýmitlendirilýän döwürlerde, aýallarda prolaktin derejesi gaty ýokary bolýar. Alymlaryň bellemegine görä, bu gormon, daş-töwerekde bolup geçýän zatlar güýmenmän, enelere çaganyň aladasyna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, prolaktin süýt öndürmek üçin hem jogapkärdir.
Prolaktin gormonynyň, eneleriň özüni alyp barşyndaky orny, onuňagressiýasyny saklamaklyga kömek edýändugini bellemek möhümdir. Başga sözler bilen aýdylanda, ol enäni çagany goramaga we şonuň bilen birlikde özüni has gowy dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Alymlar tarapyndan geçirilen ähli synaglar haýwanlarda geçirildi. Gözlegçiler muny, prolaktiniň beýniniň belli bir öýjüklerine edýän täsirini ýapmak arkaly amala aşyrdylar.
Amanowa Jemile,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby