Käbirleri it saklamagyň saglygy has berkidýändigini we fiziki formany

güýçlendirýändigini aýdýarlar. Bu çaklamanyň nä derejede dogrudygyna, nä
derejede ýalňyşdygyna seredip geçeliň.

It eýeleri hepdede azyndan 5 sagat daşarda gezýärler we bu iti bolmadyklardan ortaça 3 sagat köpdür. Bu hökmany gezelenç adatça belli bir wagtda we yzygiderli bolýar, şeýlelikde adam açyk howa has köp çykýar hem-de hereket edýär. Bu onuň saglygyna, esasan hem ýürek-damar ulgamyna peýdaly täsir edýär.
2012-nji ýylda ýapon alymlary barlaglaryň esasynda her gün itini gezelenje çykarýan adamlaryň gündelik ýerine ýetirmeli fiziki hereketlerini artygy bilen amala aşyrýandygyny ýüze çykarypdylar. Şonuň netijesinde, olaryň gan basyşy peselýär we gandaky holesteriniň mukdary azalýar. Emma öýde itiň bolmagy eýesiniň berk saglygyna kepil geçip bilmeýär. It edinmegiň sizi aşa semizlikden ýa-da ýürek kesellerinden gorajakdygyna bil baglamak ýalňyşdyr. Saglyk diýlende, ilki bilen, oňa täsir edýän esasy faktorlary göz öňünde tutmaly: kadaly iýmitlenmek, ýeterlik uky, sagdyn durmuş ýörelgeleri we ş.m. Barlaglaryň netijeleri barada aýdanymyzda, it eýeleri has işjeň durmuşda ýaşaýarlar. Özbaşdak sport bilen meşgullanýanlaryň köpüsi öý haýwanyny belli bir derejä ýetensoň edinýändigini hem ýatdan çykarmaly däl. Şeýle hem öýde itiň peýda bolmagy uzak wagtlap eýesiniň durmuş ýörelgelerine täsir edip bilmeýär.
Esasy ýatlatmak isleýän zadymyz: it edinmegiň maksady özüňi has gowy
görkezmek bolmaly däl, ol dört aýakly dostuňa söýgüden gelip çykmaly!

Merjen ÝAZYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 218-nji toparynyñ talyby