Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tejribeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy ýokary derejelere çykarylýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek we bilim ulgamyndaky oňyn, taryhy özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş hem-de bilim edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Şeýle hem «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň ulgamyň örän uly kuwwatyny amala aşyrmak, bilim bermegiň täze ölçeglerini, öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, halkara guramalary hem-de dünýäniň okuw merkezleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem bu ulgamy maliýeleşdirmek, dolandyrmak we gurluşyny düzmek bilen bagly wezipeleri çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtmak gerek. Kanun 12 bapdan, 60 maddadan ybarat bolup, onda bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslary düzgünleşdirilýär we döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlary, wezipeleri, onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär.
Bu Kanunyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym, bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleriň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine hem-de kanunlarymyzyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam eder.
Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribeler toplandy. Ýurdumyz ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alýan okuw mekdepleriniň çägi ýylsaýyn giňelýär. Häzirki döwürde döwrüň öz öňünde goýýan maksatlaryna oňat düşünýän hünärmenleriň taýýarlanmagy zerur bolup durýar. Çünki geljekde şol zehinli ýaşlarymyz ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi üçin mynasyp zähmet çekmelidirler.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny, şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny tassyklapdy. Bu resminama bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy mekdepleriň okuw tertipnamasyna hem möhüm täzelikleri girizdi. Oňa esasy sapaklar bilen birlikde, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar ýaly sapaklar girizildi. Sanly ulgama geçmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipeleri ýurdumyzda himiýany, biologiýany we beýleki sapaklary çuňlaşdyryp öwretmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Jennet SERIPOWA,