Bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk edip alyp barmak ýurdumyzda ileri tutulýan döwlet syýasatynyň biri bolup durýar. Bu babatda bilim ulgamyny sanlaşdyrmak işi ýola goýuldy. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Konsepsiýa kabul edildi. Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşindäki maglumatlary köpçülige ýetirmek hem-de sanly bilim ulgamyny ýokary derejede ösdürmekden ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji ýubileý mejlisinde 2030-nji ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň gün tertibi kabul edildi. Özünde 17 sany maksady jemleýän bu maksatnamanyň biri hem ýokary hili bilim bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýurdumyzyň ileri tutýan esasy işleriniň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem innowasion we tehnologiki esasda ösdürilýär. Sanly ulgama geçmekde ýurtda bilim ulgamyna aýratyn ugur degişli bolup durýar.
Türkmenistanyň “Bilim hakynda” kanunynyň 3-nji maddasyna laýyklykda her bir raýatyň hökmany mugt, deň hukukly we gowy hilli başlangyç we orta bilim almaga hukugy kepillendirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy ýokary derejede kämilleşdirilýär. Netije-de, bilim berýän edaralaryň ýokary hilli bilim berijilik binýadyny hil taýdan täzelemäge, ösen maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen yzygiderli özgertmeleri başdan geçirýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda “Ylmy intellektual eýeçilik”, “Ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” kanunlar hereket edýär. Bilim ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek babatda halkara guralamary we dünýäniň abraýly bilim edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen alymlary bilen daşary ýurtly alymlaryň arasynda duşuşyklaryň we ylmy maslahatlaryň yzygiderli guralýandygy bu babatda halkara derejesinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistanda bilim ulgamynyň we ylmyň kämilleşdirilmegi hem–de bularyň dünýä derejesine çykarylmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendir” diýip belläp geçýär. Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Ýurdumyz bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen ynsanperwer, ulgamda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Bilim ulgamynda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygynyň barşynda “TEMPUS-TASIS” bilim maksatnamasynyň çäklerinde dürli taslamalar amala aşyrylýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem, dünýäniň ösen ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.