Şweýsariýaly alymlar tarapyndan işlenip düzülen batareýa akylly ulag belliklerinde, daşky gurşaw datçiklerinde we bir gezek ulanylýan lukmançylyk anyklaýyş enjamlarynda ulanmak üçin niýetlenendir.

Batareýanyň prototipi birikdirilen öýjüklerden ybarat. Her öýjügiň ululygy bir inedördül santimetr, kagyzdan ýasalan aşagynda goýulýan natriý hlorid (ol nahar duzy) bilen doýurylan. Batareýanyň bir ujunda iki sim birikdirilen mumdan edilen örtügi bar. Kagyzyň bir tarapyna katod hökmünde hereket edýän grafit teňňejikleri bilen syýa çalynan. Beýleki tarapynda, anod funksiýasyny ýerine ýetirýän sink tozy bilen syýa çalynan. Položitel we otrisatel elektrodlar simler arkaly grafit teňňejikleri we gurum bilen birleşdirilýär.

Az mukdardaky suw batareýa degen badyna, suwuklyk kagyzdaky duzy eredip, zarýadly ionlary goýberýär. Olar elektrolitde dargaýarlar, anodda sinkiň okislenmegini başladýarlar we energiýa öndürýän reaksiýa güýçlendirýärler.

Merjen HALMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň talyby.