Kä wagtlar iýmiti ýönekeý gyzdyrmaklyk üçin hem ýeterlik wagt ýok, ýöne beýle kararyň berilmegi ýakymsyz netijelere getirip biler.
Eger-de sizde hiç hili aşgazan keselleri ýok bolsa, onda gorkmaly zadyňyz ýok diýip, hünärmen düşündirýär. Ýöne, iýmit siňdiriş ulgamy bilen bagly keseller bar bolan ýagdaýynda, aşa sowuk iýmitleriň ulanylmagyny çäklendirmegi lukman maslahat berýär. “Şeýle hem, öt halta bilen bagly keseller, öt haltada daş bolan ýagdaýlarynda sowuk iýmitler maslahat berilmeýär” – diýip hünärmen sözüniň üstüne goşdy.
Mundan başga-da, iýmit siňdiriş bilen baglanyşykly birmeňzeş meselelerde sowuk iýmitiň yzygiderli ulanylmagy, içiň ýellenmegine ýa-da täretiň bozulmagyna sebäp bolup biler.
Sowuklama alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hem sowuk iýmit iýmeli däl. Hünärmeniň düşündirişi ýaly, eger sizde eýýäm sowuklamanyň käbir alamatlar bar bolsa sowuk iýmit onuň güýçlenmeginiň ýenede bir sebäbi bolup biler.
Suraý GARAJAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň talyby.