Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň iň ýokary hem-de abraýly baýragynyň biri bolan Nobel baýragynyň şu ýylky ýeňijileri yglan edildi.

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda himiýa boýunça Nobel baýragyna klik we bioortogonall himiýany işläp düzendikleri üçin Karolin Bertossi, Morten Meldal we Barri Şarpless dagylar mynasyp boldular. Geçen ýyl bolsa bu baýraga germaniýaly himik Benjamin List hem-de amerikaly himik Dawid gazanypdy.

6-njy oktýabrda bolsa Nobeliň edebiýat baýragyna ýazan eserlerinde batyrgaý pikirleri beýan edenligi üçin 1940-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda doglan «Renaudot» baýragynyň eýesi, fransuz zenan ýazyjysy Anni Erno mynasyp boldy

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri hem mälim edildi. Bu baýraga belarussiýaly aktiwist Ales Belýaski, Russiýanyň we Ukrainanyň adam hukuklary guramalary bolan «Memorial» hem-de «Center for Civil Liberties» mynasyp görüldi. Nobel komitetiniň beýanatynda baýragyň Belýaski bilen birlikde iki gurama berlendigi mälim edildi.

10-njy oktýabrda Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragyna alymlar Ben Bernanke, Duglas Daýmond hem-de Filip Dibwig dagylar banklaryň çökmeginiň öňüni almagyň möhümdigi barada giňişleýin düşünje berendikleri üçin mynasyp boldular. Bu ýylky baýrak eýeleriniň banklaryň ykdysadyýetdäki orny, şeýle-de, maliýe çökgünlikleri baradaky düşünjäni artdyrandyklary bellenilýär.

Däp bolşy ýaly bu abraýly baýrak Alfred Nobeliň aradan çykan güni bolan 10-njy dekabrda gowşurylar. Her bir ugur boýunça pul baýragynyň mukdary bolsa 10 million krondyr.

Gülzada ÖWLÜÝÄGULYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 2-nji SDTTEHA hünäriniň talyby.