Tebigy baýlyklar – gün energiýasy, ýer, suw, tokaý baýlyklary we mineral çeşmeler, ýagny ýer astyndan gazylyp çykarylýar. Tebigy baýlyklaryň dürli ýurtlaryň ýer astynda az ýa-da köp bolmagy tebigat tarapyndan kesgitlenýär.

Tebigat olary ýurtlar boýunça deň paýlamandyr. Bir ýurtda nebit, gaz köp, beýleki bir ýurtda bolsa başga baýlyklar köp, üçünji ýurtlarda olar ýok diýen ýaly. Mysal üçin, Ýaponiýada senagat tutuşlygyna import esasynda işleýär.

Senagat kärhanalary çig mal çeşmeleriniň ýakynynda gurulýar, emma wagtyň geçmegi bilen bu çeşmedäki baýlyklar sarp edilip gutarýar. Soňra çig mal çeşmesi kärhanadan daşrakda tapylýar we özleşdirilýär, wagtyň geçmegi bilen bu çeşme-de garyplaşýar, ahyrsoňunda çig mal çeşmesini başga ýurtlardan gözläp, tapyp almaly bolýar. Diýmek, çig mal çeşmesi ýuwaş-ýuwaşdan çig maly sarp edýän kärhanadan arany açýar. Soňra olaryň biri bir ýurtda, beýlekisi bolsa beýleki ýurtda bolup çykýar.

Käbir ösen ýurtlar öz çig mallaryny azajyk sarp edýär. Mysal üçin ABŞ, Rumyniýa. Emma ösüp gelýän ýurtlarda tebigy baýlyklar öran az sarp edilýär, olaryň köpüsini daşary ýurtlara çykarmaly bolýarlar. Ösen ýurtlar bolsa olary satyn alýarlar. Netijede çig mal meselesi dünýä meselesine öwrülýär.

Ösüp gelýän ýurtlar baýlyklaryň köpüsini daşary bazarda satýar, az-owlak bölegini özünde peýdalanýar. Baýlyk meselesi ösen ýurtlary hem, ösüp gelýän ýurtlary hem deň derejede gyzyklandyrýar. Ösen ýurtlar baýlyk çeşmelerini elden gidirmezlik üçin köp pul serişdelerini sarp edýärler. Harby güýçleri hem ulanýarlar. Soňky wagtlarda uruşlaryň sebäbiniň baýlyk meselesi bolýan halatlary seýrek däldir.

Dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyna we ösüşine dürli ýagdaýlar täsir edýär. Olaryň esaslarynyň biri bolsa dünýä hojalygynyň tebigy baýlyk gurbatydyr. Ol öz içine mineral çeşmeleri, ýer we suw baýlyklaryny, ösümlik serişdelerini, dünýä okeanynyň baýlyklaryny, agroklimat çeşmelerini alýar.

Dünýä ykdysadyýetinde mineral çeşmelere gazylyp alynýan peýdaly zatlar degişlidir. Mineral çeşmeler senagat önümçiliginiň çig mal esasy bolup hyzmat edýär.

Häzirki döwürde ösüp gelýän ýurtlar üçin çig mal çeşmelerini satmaklyk walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmaklygynyň esasy çeşmesidir. Ösüp gelýän ýurtlaryň dünýä çig mal eksportyndaky paýy nebit boýunça 90% köpräk, fosfat boýunça 85%, mis boýunça 60%, hrom boýunça 50%-dir. Energetika problemasy dünýä ykdysadyýetiniň ösdürmegiň möhüm meselesidir. Häzirki zaman önümçiligi energiýasyz işläp bilmeýär. Emma dürli ýurtlarda energiýa sarp edilişi deň däldir. Ençeme ýurtlarda energiýa çeşmeleri ýeterlik, birnäçe ýurtlar bolsa oňa mätäçlik çekýärler, beýleki ýurtlardan getirip ulanmaly bolýarlar. Diýmek, energiýa çeşmelerinden peýdalanmak ulgamyna hemme ýurtlar goşulýar. Energetika meselesi dünýä meselesidir.

Dünýä ykdysadyýetinde nebitiň tutýan ornuny beýleki çig mallaryňky bilen deňeşdirip bolmaz. Nebit – energetikanyň esasy çeşmesidir. Şonuň üçin nebit dünýä söwdasynda in geçýän harytdyr. Nebit gorlarynyň köpüsi ösüp gelýän ýurtlaryň ýer astynda jemlenendir. Emma olary esasy özleşdirýänler ösen ýurtlaryň monopoliýalarydyr. Monopoliýalar nebit senagatynda ummasyz peýda alýarlar. Emma ösüp gelýän ýurtlar öz baýlyklaryny millileşdirmäge bir eýýam girişdiler.

Arap ýurtlarynda dünýä nebit gorlarynyň 70% çenlisi toplanandyr. Günbatar Ýewropa we Ýaponiýa nebite bolan islegini 60%, ABŞ 25%, arap nebiti bilen üpjün edýärler. Bu ýerde nebit çykarylyşynyň harajatlary rekord derejede pesdir. Saud Arabystanda 1 tonna nebit çykarmak üçin 2 dollar, ABŞ-da bolsa 1 tonna nebit çykarjak bolsaň 28 dollar, Demirgazyk deňizinden çykarjak bolsaň 55 dollar sarp etmeli. Demirgazyk deňizinden Beýik Britaniýa we Norwegiýa nebit çykarýar.

Söhrat ALLADURDYÝEW,

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň talyby