Her bir döwletiň çäginde bitewi halk hojalyk toplumy döreýär. Dürli taryhy döwürlerde onuň ösüş depgini çaltlanýar ýa-da haýallaýar, düzümi üýtgeýär. Halk hojalygynda köp sanly kärhanalar we guramalar hereket edip, döwletiň hojalyk, sosial-medeni we syýasy durmuşynyň ähli ugurlarynyň işini üpjün edýärler. Ýurduň halk hojalygy 2 topara bölünýär: maddy önümçilik toplumy we önümçilik däl toplumy. Jemgyýetiň ösmegi üçin maddy we önümçilik däl sferalaryň ikisi-de aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet tarapyndan giň möçberli ýer reformalary geçirildi. Oba hojalygynda ileri tutulýan pudak bolan pagtaçylygy saklap galmak bilen birlikde, däneçilik hojalygy döredildi, maldarçylygy çalt ösdürmek üçin esas goýuldy.
Ozal senagatyň düzüminde çig mal ugry agdyklyk edýärdi. Önümçilik pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmegi senagatyň, oba hojalyk önümçiliginiň ösüşiniň ynamly depginleri, gurluşygyň çalt depginler bilen ösüşi ýurdumyzda geçirilýän ykdysady reformalarynyň esasy bolup durýar. Baý we köpdürli mineral resurslara esaslanýan nebit-gaz, himiýa, gurluşyk materiallary pudaklary çalt ösýär. Oba hojalyk önümlerini, şol sanda pagtany, pagta çigidini we bugdaýy, gök, miwe we maldarçylyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat, dokma senagaty çalt depginler bilen ösdürilýär. Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge uly üns berilýär, ýurdumyzda ilata hyzmat ediş ulgamy kämilleşdirilýär. Bilim we ylym ulgamynda, saglygy goraýyş pudagynda uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Aknur MÄMMEDOWA,
Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe Gözegçiligiň taýarlyk ugrynyň 2-nji ýyl talyby