Toprak–bu tebigy-taryhy beden (madda) bolup, ýeriň üstki hasyl berýän gatlagy. Ol daýhanyň özleşdirýän meýdan giňişligini emele getirýär. Ýagny, toprak örtügi gerekli energiýany, çyglylygy we ýokumly maddalary toplaýan, ösümlik bedeniniň ýaşaýşyny we köpelişini üpjün edýän üznüksiz, köpsanly ilkinji toprak emele gelmeleriň köpdüzümli we çylşyrymly azyk ulgamydyr diýip belli rus alymy W.A. Kowda belleýär. Onuň ortaça galyňlygy 18-20 sm (1,45-2,0 m çenli) hasaplanýar we esasy bölegini çüýrüntgi (gumus) düzýär.
Toprak biosferanyň üstki örtügi bolup, ol janly-jandarlaryň ýaşaýşynyň netijesinde emele gelen hasylly gatlakdyr. Ýagny, 1 g toprakda 2 mln çenli maýdajyk toprak dörediji janly-jandarlar duş gelýär. Russiýanyň gara toprakly 1gektar meýdanynda 4 tonna çenli janly-jandarlaryň ýaşaýandygy anyklandy. Şeýlelikde, toprak bütin adamzat jemgyýetiniň ýaşaýşynyň eklenç çeşmesidir.
Dünýäde Ýer togalagynyň 4/1-den bölegini gury ýer tutýar. Gury ýeriň 45% peýdasyzdyr: olaryň hataryna, hasylly topragy ýeterlik bolmadyk, müdümilik buzluklaryň aşagynda ýatan ýerler (Antraktida, Kanada, Grenlandiýa), şorluklar, beýik dag gerşleri, üstünde hiç zat bitmeýän daglyklar (aýyň üstki şekili ýaly–lunnyý landşaft), ulanyp bolmaýan giňişlikler girýär.
Ýer togalagynyň 28%-ni tutýan tokaýlyklar arassa howanyň çeşmesidir. Onuň meýdany dünýä möçberinde ýyl geldigiçe azalýar. 60 ýyl mundan ozal tokaýlaryň meýdany ýer togalagynyň 40 % – ni tutupdyr. Häzirki döwürde gür tokaýlyklar diňe ekwatorda ýerleşýän ýurtlarda (Braziliýada, Orta ýer deňzi hem-de Russiýanyň Sibir giňişliginde) saklanyp galypdyr (3-nji surat).

10 %
Ekerançylyk üçin
(sürümli) ýerler

17 %
Çemenlikler 45 %
(öri meýdanlary) Oba hojalygy üçin
peýdasyz ýerler

28 %
Tokaýlyklar

3-nji surat. Saýýaryň – ýer togalagynyň
oba hojalyk meýdanlary.
Tokaýlyklary goramak, olaryň çapylýan ýerlerinde ýene-de tokaý agaçlaryny ekmek dünýäniň esasy talabydyr.
Ýer togalagynyň 17% – ni çemenlikler – öri meýdanlary tutýar (3-nji surat). Bu giňişlikde adamzat üçin belok iýmitleri önýär, şol sebäpden olary goramak örän zerurdyr. Şeýle-de, ol ýerlerde ösýän zäherli ösümlikleri we mallaryň tüý örtügine ýapyşýan, bedenlerine sümülip girýän haşal otlary ýok etmek wajyp çäreleriň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin häzirki döwürde öri meýdanlarynda ösýän we mallaryň gowy – şüwlümli iýýän otlarynyň tohumlary ýygnalýar, olary ygally ýyllarda ekmek işleri gurak klimatly ýerlerde giňden amala aşyrylýar.
Şeýlelikde, ýer togalagynyň ekerançylyk üçin ulanyp boljak ýerleriň bary-ýogy 10 %- dir (3-nji surat).
Türkmenistanyň haýbatly öküze meňzäp duran giňişlik meýdany 49,4 mln. gektar. (3-nji maglumatnama). Häzirki döwürde suwarymly ekerançylyk üçin ulanylýan hasylly toprakly ýerler 2,2 mln. gektardan gowyrakdyr.
“Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli Baş ugry” milli Maksatnamasyna laýyklykda, 2010-njy ýylda suwarymly ýerleriň meýdany 3 mln gektara ýeter. Topragy aýawly ulanyp ýeriň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna 3 mln tonna pagta we bugdaý (her haýsy) öndüriler.
Umuman, Türkmenistanyň 17 mln. gektara çenli ýeri özleşdirmäge mümkinçiligi bar.
Öri meýdanlary 37-38 mln. gektar giňişligi tutýar. Onuň köp bölegi Garagum çölünde ýerleşýär. Bu ýerde öri meýdanyň bir goýuna düşýän möçberi 7 ga ýa-da 1 sürüniňki 7000 ga deňdir. Şonuň üçin ilkinji nobatda zäherli, ýapyşýan, ilişýän, çümýän tohumly ösümlikleri ýok etmek, mallaryň işdämen iýýän otlarynyň tohumlaryny ýygnap, olary ygally ýyllarda ekmek, Türkmen kölüniň gurluşygyny tizleşdirmek, öri meýdanlaryň hasyllylygynyň artmagyny gazanmak gerekdir. Bularyň hemmesi mallaryň baş sanynyň köpelmegini üpjün eder.
Ýokardaky maglumatlaryň seljermesi topragyň esasy ekologik aýratynlyklaryny anyklaýar:
1. Ýer togalagynda hasylly topragyň meýdany az – ýeterlik däl.
Hasylly topragyň emele gelmegi üçin örän köp wagt gerek (1 sm galyňlykdaky hasylly toprak üçin 100- 600 ýyl, 20 sm galyňlykdaky hasylly toprak üçin azyndan 7-8 müň ýyl).
2. Hasylly topragy bozýan, zaýalaýan, hapalaýan täsirler örän köp:
– ýel eroziýasy;
– suw eroziýasy;
– antropogen, senagat-industrial eroziýa. Ol täsir edijiler barada anyk maglumatlar ýörüte bölümde getirilýär.
Topragyň gurplulygy diýip, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny üpjün edýän topragyň häsiýetleriniň jemine aýdylýär. Topragyň gurplulygy onuň iýmit, suw, howa, ýylylyk, ulanylyş we idediliş ýagdaýlary bilen utgaşykdadyr.
Topragyň fiziki hem himiki düzümi uly özgerişe eýedir. Çünki ol ýerde himiki maddalaryň birleşmeleri çüýrüntgi galyndylary bilen gatyşýar we netijede topragyň hil häsiýetleri özgerýär. Şonuň üçin-de, topragyň daşky görnüşi ýakyn aralykda-da bir-birlerinden tapawutlanmagy mümkindir. Bu alamaty daýhan hojalyklarynda topragyň hil ýagdaýyny kesgitlemekde peýdalanypdyrlar.
Diýarymyzyň ýer giňişliginde topragyň dürli görnüşleri duşýar: mele toprak, çägesöw toprak, toýunsow toprak, çemenlik, şor, kirşenli-toýunsow we başgalar. Köpetdagyň eňňitleriniň aşaky böleginde we dag etek giňişliklerinde çal toprak, çägeli çöllük ýerde çägesöw we derýanyň irki akan we häzirki akýan hanalarynyň uzaboýunda – çemenlik topraklary giň ýaýrandyr. Mysal üçin, mele topragyň üç görnüşi tapawutlanýar. Onuň açyk çal görnüşinde çüýrüntginiň mukdary 1,0-1,5 %, adaty görnüşinde1,5-2,0 we garamtyl mele görnüşinde – 2,5 % – dir, şeýle-de olaryň düzümindäki azodyň, fosforyň, suwda ýeňil ereýän we eremeýän duzlaryň mukdary-da tapawutlanýar.
Topragyň gurplulygy ýerleriň melioratiw ýagdaýy, tebigy taýdan dilkawlygy, topragyň mehaniki-duz düzümi, çyglylygy, toprak-gum suwlarynyň minerallaşmagy, hasyllylygy we beýleki görkezijileri esasynda kesgitlenýär (2-nji tablisa). Mysal üçin, ýurdumyzyň ýer gorunyň 40 % meýdanyny gurplulygy ýokary ýerler, 33 % – gurplulygy pes we 35 % – gurplulygy örän pes ýerler tutýandyr. Geljekde oba hojalyk ekerançylygynyň meýdany şol gurply ýer hasaplanylýan, ýagny öri meýdan ýerleriň hasabyna giňe1tmek meýilleşdirilýär (17,7 mln. ga). Şonda ekerançylyk meýdanyň 42,0 %-inde gowaça, 49,0 %-inde bugdaý we 5,0 %-inde ot-iýmlik ösümlik ekinleri ekiler.
Döwlet derejesinde ileri tutulýan ekinleriň berk hasapda durmagy, ýerleriň hasyllylygyny durnukly ýokarlandyrmagy talap edýär. Bu gaýragoýulmasyz işiň Garaşsyzlyk ýyllary içinde suwarymly ýerleriň esasy böleginiň daýhan birleşikleriniň kärendeçilerine (1465,3 müň ga), şeýle-de diýarymyzyň raýat1aryna hususy eýeçilige mugt berilmegi (249 müň ga) netijesinde wajyplygy artdy.
Ekerançylyk ýerlerinde topragyň hasyllylygyny durnukly ýokarlandyrmak we öndürilýän önümiň hilini gowulandyrmak üçin ýer eýeleriniň ekerançylyk işlerini ylmy esasda alyp barmaklary gerekdir. Doly we dogry düzülen ekin dolanyşygyny topragyň agrohimiýa kartogrammasyndan peýdalanyp geçirmek zerurdyr. Çünki, bu çäreler talaba laýyk geçirilende, ýer eýeleri ýerleriň melioratiw ýagdaýyny durnukly gowulaşdyrarlar we ileri tutulýän ekinlerden bol hasyly ösdürip ýetişdirerler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy Gurban Begalyýew