“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň Sergiler jaýynda Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary öz döreden sungat eserleriniň döredijilik sergisini gurnadylar. Halypa-şägirtlik ýörelgesini batyrgaý we dogumly ýöredip gelýän ýaş nesliň suratkeşleri ussat halypalarymyz bilen deň derejede juda yhlasly zähmet çekýärler. Dogrudanam, biziň çeperçilik mekdebimiziň ýaş zehinli hünärmenleri özleriniň täze eserleri bilen çykyş edip, tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başarýarlar. Ýaş hünärmen mugallymlarymyz özleriniň ukyp-başarnyklaryny her dürli çeperçilik akymlarda, žanrlarda barlap görýärler, täze-täze gözlegleriň ugruna çykyp, döwrebap çeperçilik meýillerini kadaly utgaşdyryp, kämil sungata tarap batly gadam basýarlar.
Ussat halypalarymyzdan A.Hydyrow, Ö. Akmuhammedow, A.Kinýakin, A. Amangeldyew, G. Myradowa we beýlekileriň mekdebi soňky nesillere göreldeli nusga bolup hyzmat edýär. Ö. Akmuhammedowyň döredijiliginde liriki şahyranalyk baky mesgen tutýandyr. Kalbyňda joşgunly, romantiki duýgulary oýarýan peýzaždyr, natýurmortlarynda ýyly, ýumşak we mährem reňkler arkaly daş-töweregimizi gurşap alýan ýönekeýje sada jisimler görklenip täzeden janlanýar. Sebediň içindäki bägüller ýüregiňi teşne edip, özüne maýyl edýär. Suratkeşiň şolar ýaly başga bir işinde bolsa, narlaryň şekilini birneme abstraktlaşdyrylan görnüşde getirýär. Sary altynsöw düşegiň ýüzündäki narlaryň her haýsysy öz erkine şahadan sallanyp duran, owadan ir-iýmişleri göze diýseň ýakymly görünýär.
Grafikaçy suratkeş A. Kinýakin türkmen milliliklerine aýratyn üns berip, dürli grafiki çözgütlerde öz başarnyklaryny synap görýär. Onuň “Gelin” atly suraty awtolitografiýa tehnikasynda ýerine ýetirilip, bezelen kejebeli düýäniň üstünde täze gelniň syratly keşbini çeper labyzlylyk bilen suratlandyrýar.
A.Amangeldiýewiň nakgaşçylyk eserleriniň içinde meýdandaky pagtalary suratlandyrýan işi impressionizm stiline örän çalymdaş. Gündizki ýagtylygyň we gün şöhlesiniň oýnuny ussatlarça ulanyp reňk tegmilleriniň üsti bilen şekilleriň göwrümini gazanýar. Birinji orunda güne çoýunyp ýatan ak myssyk pagtalar, yzdaky dag gerişleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
Indi gezek ýaşlaryňky… Mekdebimiziň mugallymy heýkeltaraş Seljuk Ýarmammedow “Süýji uky”, “Iki gelin”, “Türki dünýä” atly ajaýyp heýkel eserleri bilen özüni oňyn tarapdan tanatdy. Seljuk hemişe täze döredijilik gözlegleriň aladasynda. Ol özüniň her bir taslamasynda üýtgeşik keşplere ýüz tutýar. Meselem özüniň “Iki gelin” atly heýkelinde antik döwrüniň zenanlarynyň geýminde suratlandyrylan, grek mifologiýasyndaky Gera bilen Afroditanyň şa keşpleri göz öňüňe gelýär. Süýji uka batyp ýatan gyzjagazyň keşbi bolsa, ilkibaşda göräýmäge korinf orderiniň kapitelini ýatladýar. Suratkeşiň özboluşly dünýägaraýşyny, pelsepe ýoluny mäkäm döredijligine ornaşdyrmagyny arzuwlap, çeperçilik mekdebimiziň ýene-de bir ussat ýaş hünärmen mugallymy Çopanow Toýlynyň eserlerine nazar aýlalyň. Toýly – realizm sungatynyň ussady diýsek ýalňyşmarys. Onuň türkmen taryhynyň geçmişini hakykatçyl we dogruçyl beýan eýleýän eserleriniň ençemesi mysal bolup biler. Öz halkynyň oba durmuşyny ylaýta-da elleri zähmete bişişen daýhanlaryň aýdyň keşpleri Çopanow Toýlynyň portretlerinde esasy gahrymanlar hökmünde çykyş edýärler. Bu zehinli ýaş suratkeşiň taslamalarynyň rus ussady Ilýa Repiniň realistik usulundaky eserlerine meňzeşligi tötänlik däldir, eýsem bu nakgaşyň çeperçilik täriniň ýitileşip, öz döredijilik ýoluny birçak kesgitländiginden habar berýär. T. Çopanowyň bir gezekde tanalýan nakgaşçylyk goly onuň ähli eserlerine mahsusdyr.
Çeperçilik mekdebimiziň zenanlar topary däp boýunça ýylda geçirilýän bu ajaýyp serginiň dabaraly açylyşyny ýokary taýýarlykly garşy aldylar. Her ýylda olar özleriniň täze nakgaşçylyk eserleri bilen halk köpçüligini begendirip, çeperçilik tilsimlerini ýokarlandyryp, öz döredýän sungatyna wepaly işlemekligi dowam etdirýärler.
Ýaş hünärmenimiz Garaýewa Enejanyň şu günki sergi üçin döreden ruhubelent eserlerinde ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga yhlas edýändigini duýmak bolýar. Ol “Nurana” atly portretinde milli geýmine beslenen türkmen gyzynyň asylly, salyhatly keşbini görkezýär. Enejan XVII asyryň suratkeşi Rembrandtyň ulanýan tehnikasy bolan garaňkylaşdyrylan goňras reňkleri eseriň düşegi hökmünde saýlaýar, birinji orunda gyzyň ýüz keşbinde şemden düşýän ýagtylygyň, reňk güýjüniň ýitiligini bermäge çalyşýar. “Nar agajy” atly natýurmort işinde bolsa, impressionizm stiliniň şadyýan meýilleri keýpiňi göterýän öwüşgünli reňk toplumy arkaly beýan edilýär.
Çaryýewa Mähriniň üç bölekden ybarat bolan, triptih eseri bize zenan dünýäsiniň özboluşlylygyny açyp görkezýär. Her bir bölekde biri-birinden tapawutlanýan sahnalar täsirli hem gyzykly beýan edilipdir. Annagylyjowa Merjen “Tansçy” eserindäki gyzlaryny ýiti öwüşgünli reňkleriň üsti bilen ýerine ýetirýär. Ýüzlerinde şatlyk, gülki, joşgunly duýgulary başdan geçirýän, gyzlaryň tans oýnap duran pursaty esere şadyýanlyk äheňini çaýýar. Impressionist suratkeşi Edgar Deganyň balerinalaryny ýatladýan, bu taslama özüniň reňk çözgüdi bilen aýratyn tapawutlanýar.
Toýlyýewa Laçynyň her bir miniatýura işi türkmen ertekisinden gyzykly sahnalary beýan edýär. Özüniň ýola goýan doredijilik ukybyny gyşarnyksyz dowam etdirip, täsin sungatyna göreni bendi edýär. Laçynyň her bir suraty rowaýatdan bir parça. Eşeklije baba bilen kejebeli türkmen gelniniň suraty, türkmen bagşylarynyň saz başyndaky pursaty çeper başarjaňlyk bilen suratlandyrylýar. Leýli-Mejnun dessanyndan yşky-liriki temasy suratkeşiň söýgüli işleriniň biri bolup, magşuklaryň arassa päk söýgüsini çyn ýürekden wasp edýär. Laçynyň eserleriniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri hem onuň ownuk bölejiklerine çenli işlemegi halayýandygyndan gelip çykýar. Türkmen halysynyň, keçesiniň nagyşlarydyr, gölleri, çabytdyr donuň keşdeleri ynha Laçynyň işlerini tanadýan esasy çeperçilik täridir. Umuman aýdanyňda suratkeşiň döredijiginde millilik äheňi eriş-argaç bolup geçýändir.
Ýaş hyjuwly ruhubelent suratkeşlerimiziň sergisiniň jemini jemlesek, olaryň hemişe höwesjeň we işewür bolmaklaryny, täze-täze eserleri bilen ýurdumuzyň çäginden daşary gurnalýan sergilerde hem türkmen milli sungatyny bütin dünýä ýüzüne äşgär etmekligini arzuw edýäris!

Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik
mekdebiniň mugallymy
Gunça GURBANGELDIÝEWA