2022-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde IX Halkara şekillendiriş sungaty biennalesi geçirildi. “Biennale” – iki ýyldan bir gezek geçirilýän çeperçilik sergileri, bäsleşikler ýa-da döredijilik festiwallary bolup durýar. Ýer ýüzünde ylym-bilim, medeniýet we sungat ýaly pudaklaryň, innowasion tehnologiýalaryň barha ösmegi netijesinde bütindünýäde geçirilýän şular ýaly medeni çäreleriň sany hem artýar. Ýeri gelende belläp geçsek, biennale düşünjesi bilen birlikde “triennale” adalgasy hem medeniýet we sungat dünýäsinde özboluşly orna eýe bolup, ol üç ýyldan bir gezek geçirilýän döredijilik çärelerini aňladýar.
“Durmuş ýagtylygy” mowzugy boýunça geçirilen Pekin biennalesi 117 ýurtdan 573 suratkeşiň 707 sany döredijilik eserini tomaşaçylara ýetirdi. Nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn we beýleki sungat görnüşleri boýunça sergä gatnaşdyrylan eserleriň ählisi häzirkizaman sungatyň täzeçil akymlarynda ýerine ýetirilipdir. Serginiň öňe sürýän mowzugy bilen baglylykda, gatnaşdyrylýan eserler ynsan durmuşynyň çäksiz gymmatlygyny, umumadamzat meselelerini suratlandyrýarlar. Şeýle giň göwrümde geçirilen Halkara sergä Türkmenistan Watanymyzdan iki sany suratkeş: Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de Türkmenistanyň Halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew hem öz nakgaşlyk eserleri bilen gatnaşyp, häzirkizaman türkmen sungatynyň ösüşini tutuş dünýä ýüzüne ykrar etdiler.
Türkmenistanyň Halk suratkeşi, halypa nakgaş Işanguly Işangulyýewiň sungat dünýäsi dürli çeperçilik akymlary, täsirli mazmunlary özünde jemleýän ümmülmez ummany ýatladýar. Suratkeşiň dürli ýyllarda ýerine ýetiren eserleri – onuň kämillik ýolunyň ösüş tapgyrlaryny aýdyň yzarlamaga mümkinçilik berýär. Ençeme ýurtlara syýahat edip, birnäçe halklaryň medeniýeti, taryhy bilen tanşan suratkeş özünde galan ýagty täsirleri baý döredijilik hyýaly bilen utgaşdyrýar. Suratkeşiň dürli ýurtlara eden syýahatlary netijesinde dörän eserler giden bir tapgyry emele getirýärler. Işanguly Işangulyýewiň Pekin biennalesinde tomaşaçylar köpçüligine ýetiren “Garaşmak” atly surat eseri ýordum teswirlemesi, nyşany aýratynlyklary, baý reňk öwüşginleri bilen täsir galdyrýar – Gimalaý daglarynyň eteginde oduň başynda oturan hindi zenanynyň keşbinde eseriň düýp manysy gizlenýär. Göýä, yzky meýilnamadaky şekillendirilen Gimalaý daglary ýaly, belentlik, monumentallyk, çuňluk ýaly çäksiz gylyk-häsiýetleri şöhlelendirýän bu zenan umyt-arzuwlara, oý-hyýallara püre-pür beslenýär. Taslamanyň merkezinde ýanyp duran ot – şol süýji umytlaryň, geljege bolan çäksiz ynamyň nyşanydyr. Oduň daş-töwereginde ýerleşen üç gahryman – üç zenan – üç belentlik – üç barlyk hökmünde äpet dagyň şekilini gaýtalaýar. Eserde esasan sowuk reňkler agdyklyk edýändigine garamazdan, merkezdäki ot alawlarynyň gyzgalt ýyly uçgunlary tutuş esere ýylylyk çaýýar. Eseriň her bir bölejigi, her bir şekili şu häsiýetli nyşany alamatlara baý. Göýä syrly ýumagy çöşleýän ýaly, eseri hem synladygyňça, barha içgin aralaşýarsyň. Suratkeşiň döredijilik diliniň özboluşly aýratynlygy hem hut şondandyr.
IX Halkara Pekin biennalesinde öz eseri bilen häzirkizaman türkmen sungatynyň ösüşini ýüze çykaran suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň “Jübütlik” eseri – çuňňur pelsepewi oý-pikirlere ýugrulan. Bu eseriň tapawutly özboluşlylygy – tomaşaçyny dessine “özara söhbetdeşlige” çagyrýandygynda jemlenýär. Çünki eseri synlan badyňa, aklyňda: “Eýsem, suratkeş näme diýmek isläpdir? Nähili pikirleri öňe sürüpdir?” ýaly soraglar ýüze çykýar. Eseriň taslama çözgüdi kiçeňräk gaýanyň üstündäki iki adam şekilinden düzülýär. Merkezde erkek adamyň elinde görkezilýän aýlawly ýumurtga şekili taslamanyň özeninde durýar. Özboluşly nyşany äheňe eýe bolan bu şekil – başlangyjyň, gözbaşyň, ýaşaýyşyň aňlatmasydyr. Eýsem, elini kellesine diräp, içki oý-hyýallaryna gark bolup oturan adam näme hakda pikirlenýär? Ýa-da bolmasa, nazaryny uzaklara diken zenan gözýetim aralykda nämä syn edýär? Suratkeşiň ýönekeý göwrümleriň üsti bilen eserde ümsümligiň şeýle aňrybaşy derejesini berip bilmeginiň syry nämede? Bu soraglaryň jogaby her bir tomaşaçynyň öz kalbynda jemlenýär. Her kim özüçe, öz dünýägaraýşy boýunça seredýär we bu soraglara özboluşly jogap berýär.
2022-nji ýylda Gazagystan respublikasy tarapyndan geçirilen “Turan romantizmi” atly halkara bäsleşige Ç. Ýazmyradow birnäçe eserleri bilen gatnaşyp, dünýä derejesinde gurnalan bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Şol bäsleşikde biziň türkmen suratkeşimiziň döredijiliginiň sungatyň “simwolizm” akymyna degişlidigini nygtap geçdiler. “Jübütlik” eserine gaýdyp gelsek, bu aýdylanlara aňry ýany bilen göz ýetirip bileris. Elbetde, eseriň her bir şekili, her bir reňk zolagy simwolist suratkeşiň parhly dünýägaraýşyndan söz açýar. Sungat dünýäsinde gaýnap joşýan ýaş sungat öwreniji hökmünde eseriň galdyran täsirleri hakda şeýle belläsim gelýär: Gojaman dünýä döräli bäri, onda elmydama iki sany gapma-garşylyk bar – zenan hem-de erkek düşünjesi. Eseriň düýp many-mazmuny hut şol gapma-garşylyklaryň baglanyşygynda jemlenýär. Şol gapma-garşylygyň jebisliginden dünýäniň dowamy, yzygiderliligi emele gelýär. Ol hem – taslamanyň merkezinde duran nesil mysalyndaky şekildir. Eserdäki tükeniksiz ümsümlik duýgusyny elini başyna diräp oturan erkek adamyň keşbi döredýär. Uzaklara ser salýan zenan –dowamatyň, geljegiň aňlatmasy. Sebäbi ol diňe bir tebigy gözýetime däl, näbelli geljege nazar aýlaýar. Eseriň umumylaşdyrylan garyşyk ýerligi – ynsan kalbyny alada goýýan nämälim geljegiň nyşanydyr. Eserde dünýäniň dört başlangyjy: Suw, Ýer, Howa, Ot jemlenýär. Gahrymanlary gurşap alýan howa giňişliginde pessaý akýan çeşmejigiň başynda uly bolmadyk belentligiň (Ýer) üstünde oturan iki ynsan, iki barlyk. Eýsem, ot nirede? Ol eserdäki ynsanlaryň kalbynda, geljege bolan ynamynda, umyt-arzuwlaryndadyr. Suratkeş sungatdaky çeperçilik akymlar, döredijilik işi hakdaky garaýşy barada şeýle belläp geçýär: “Sungat akymlarynyň her biriniň özüne mahsus häsiýetleri bar. Geçen asyryň başlarynda dörän häzirkizaman çeperçilik akymlary: abstraksionizm, kubizm, simwolizm ýaly akymlar öz pikiriňi has aýdyň beýan etmäge mümkinçilik berýär. Olarda şekilleriň, göwrümleriň, reňkleriň üsti bilen suratkeş aýtmak isleýän oý-pikirlerini tomaşaça düşnükli hem aýdyň ýetirýär”. Suratkeşiň her bir eseriniň özeninde hut şu sözleriň durýandygyny ynamly bellemek bolar.
Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň
sungaty öwrenijisi