Dünýäde iň köp zyýarat edilýän sungat muzeýleriniň sanawynda, sergiler esasan çeper eserlerden ybarat 100 sany muzeý we galereýa bar. Garagalpakstanyň Döwlet sungat muzeýi 1966-njy ýylda Moskwaly suratkeş Igor Witalyýewiç Sawitskiniň (1915-1984) başlangyjy bilen döredildi. Häzirki wagtda bu Merkezi Aziýa sebitiniň iň uly sungat ýygyndysy, dört müňýyllykdan gowrak hronologiki örtügi bolan 100 müň töweregi ammar bar.
Garakalpak zerjerlerinden, şeýle hem etnik dogan goňşularyndan özbeklerden, türkmenlerden we gazaklardan ýasalan şaý-sepleriň ajaýyplygy, adaty ýaşaýyş jaýynyň bezeginiň dokalan zolaklarynyň fonunda haýran galdyryjy ajaýyplyk bilen görkezilýär. Muzeýiň döremeginiň taryhynda ýörite sahypa, dünýäde meşhurlyk gazanan şekillendiriş sungaty bölüminiň ýygyndysydyr. Bu ýerde diňe bir muzeýiň täsiri astynda döredilen milli çeperçilik mekdebi däl, eýsem XX asyryň başlarynda Özbegistanyň suratkeşleriniň eserleri, ýerli milli şekillendiriş sungaty mekdebiniň dörän we dörän döwri we ş.m. “Türküstan awangardy” diýilýär. Bu, tomaşaçylaryň hemişe gyzyklanmagyna sebäp bolýan Nukusda doly görkezilen rus gündogarşynaslarynyň ajaýyp topary. A.Wolkowyň, U.Tansykbaýewiň, Usto Muminiň, N.Garahanyň, M.Kurziniň we beýlekileriň atlary aradan çykandan soň ykrar edildi we dünýä sungatynyň taryhyna ýazyldy. Bu muzeýiň ýygyndysynda türkmen sungaty ösdüren ilkinjileriň biri Ilýa Ruwim Mazeliň eserleri saklanylýar.
Dünýäniň dürli ýurtlarynyň muzeýlerinde Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatly tapyndylar, neolit we eneolit döwrüne degişli keramika önümleri, gadymy zergärleriň ýasan şaý-sepleri, türkmen gelin-gyzlarynyň dokan nepis halylary, türkmen topragynda tapylan parfiýa ritonlary, nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk eserleri daşary ýurt muzeýleriniň ýygyndysyny bezeýär. Muňa mysal edip, Sankt-Peterburg şäherindäki Döwlet Ermitaž muzeýinde saklanýan Türkmenistanyň çäklerinde tapylan ýadygärlikler, neolit, eneolit döwrüne degişli keramika önümleri we zenan hudaýlaryň heýkeljikleri ekspozisiýada ýerleşýär. Bu keramika önümleri we terrakota heýkeljikleri Garadepe, Göksüýri, Namazgadepe ýaly taryhy ýadygärliklere degişlidir. Muzeýiň ýygyndysynda Parfiýanyň ritonlary we ostrakonlary, tagtyň bölekleri, orta asyrlara degişli keramika önümleri, amaly –haşam sungatyna degişli türkmen haly önümleri hem-de dünýäde iň gadymy Pazyryk halysy saklanýar. A. S. Puşkin adyndaky Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Nusaý galasyndan tapylan ritonlar gadymy dünýä sungatynyň bölümünde ýerleşýär. Şol ekspozisiýada Türkmenistanyň eneolit we bürünç döwrüne degişli keramika önümleri saklanylýar. Muzeýiň amaly-haşam sungaty hazynasynda türkmeniň haly we zergärçilik önümleri saklanylýar. Nusaýyň ýadygärlikleri Günorta Türkmenistan arheologik ulgamlaýyn ekspedisiýasynyň (1947-1949) netijesinde akademik M.Ýe. Masson tarapyndan muzeýe tabşyryldy. Gündogar halklarynyň sungat muzeýinde türkmeniň milli amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşleri bolan milli şaý-sepleri, nepis halysy we keramika önümleri ýerleşdirlen.
Nýu-Ýork şäheriniň Metropoliten muzeýinde Türkmenistanyň neolit, eneolit döwrüniň keramika önümleri hem-de bürünç döwrüne (Marguş) degişli altyn-kümüş önümleri saklanylýar. Muzeýiň ýygyndysynda türkmen amaly-haşam sungatyna degişli türkmen gelin-gyzlaryň zergärçilik şaý-sepleri hem saklanylýar. Dürli ýyllarda kolleksionerler tarapyndan bu muzeýe zergärçilik we keramika önümleri tabşyrylypdyr. Sankt-Peterburgyň Rus muzeýinde türkmen halysynyň ähli önümleriniň görnüşleri ýerleşdirilen. Nukus şäheriniň I. Sawiskiý adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýygyndysyna Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň zergärçilik önümleri bolan milli şaý-sepleri we Gündogar zarpçy mekdebini esaslandyran suratkeş Ruwim Mazeliň 1930-njy ýylda türkmen durmuşuny beýan edip ýerine ýetiren “Köne Aşgabat” atly eseri saklanylýar.
1991-nji ýyla çenli türkmen suratkeşleri Türkmenistanda hem-de SSSR-iň beýleki respublikalarynda geçirilýän sergilere gatnaşypdyrlar. Şonuň ýaly çeperçilik sergiler daşary ýurtlarda hem geçirlipdir. Moskwa şäherinde geçirilýän Bütinsoýuz çeperçilik sergilere türkmen suratkeşleri jogapkärçilik we uly höwes bilen gatnaşypdyrlar. Suratkeşler birleşigi döwrebap sergileri gurnap, sungatdaky döreýän täze şahsyýetler bilen we täze ýörelgeler bilen jemgyýeti tanyşdyrypdyrlar. Şol sergileriň esasynda ýokary hilli we çuňňur manyly eserler saýlanypdyr. Döwlet tarapyndan hem-de suratkeşler birleşiginiň garamagynda öňdebaryjy suratkeşleriň nakgaş eserleri muzeýlere, we döwlet edaralara satyn alnypdyr. 1930-njy ýyllardan başlap türkmen nakgaşlarynyň eserleri Russiýanyň muzeýlerine alynýar. Dürli döwürlerde çekilen nakgaş eserleri Moskwadaky Gündogar halklaryň sungaty muzeýinde , Döwlet Tretýakow galereýasyna satyn alnypdyr. Döwlet Tretýakow galereýasynda Türkmensitanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň heýkel eseri hem saklanýar. Gündogar halklaryň sungaty muzeýinde, nakgaş eserlerinden başga-da, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň ýasan heýkelleri hem saklanýar. Mundan başga-da türkmen nakgaş eserleri Tula şäherindäki Çeperçilik sungaty muzeýiniň ýygyndysynda, Sarisino muzeý goraghanasynda, Kanadadaky Durdy Baýramowyň öý muzeýinde, A. I. Ignatýew adyndaky taryhy-çeperçilik muzeýleriniň ýygyndysyny bezeýär.
2000-2020-nji ýyllar aralygynda türkmen suratkeşleri halkara çeperçilik sergilere hem-de bäsleşiklere gatnaşyp, türkmen şekillendiriş sungatyny, medeniýetini, ruhy gymmatlyklaryny äşgär etdi we milli sungata bolan gyzyklanmany höweslendirdi. Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen suratkeşleri halkara çeperçilik bäsleşiklere we döredijilik sergilere gatnaşmagy netijesinde sungat ussatlarynyň döreden eserleri daşary ýurtlarynyň muzeýlerine we şahsy galereýalara toplanypdyr. Gazagystanyň Astana şäherindäki Häzirkizaman sungat muzeýine sowgat berilen Azat Myradowyň “Oguzhan ogullary bilen ” atly nakgaş eserini aýtmak bolar. Häzirki wagtda hem iň köp türkmen suratkeşleriniň işleriniň saklanýan ýeri Kiprdäki Döwrebap sungatlar muzeýidir. Bu muzeýiň hazynasynda Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryna degişli köp suratkeşleriň eserleri saklanylýar.
Dünýä muzeýleriniň ýygyndysyny bezeýän türkmen sungatynyň eserleri gadymy hem häzirki döwür medeniýetimiziň ähmiýetini kesgitleýär. Daşary ýurtlarynyň muzeýleriniň hazynasyny öwrenmeklik ýaş nesliň öz watanyna, sungatyna bolan sarpasyny hem buýsanjyny artdyrýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby
ORAZTÄÇ GOLBAÝEWA