Käbir ýazyjylar öz atlarynyň gapdaly bilen käbir ýadygärlikleri, meýdançalary ýa-da belli bir nokatlary,kontinentleri hem-de başgaça älemleri ebedileşdirýär. Lew Tolstoýyň hem şeýle aýratynlyklary hakynda gürrüň etmek üçin ilkinji derejede “Açyk meýdan” eseri hakynda aýtmak gerek. Çünki başga dünýägaraýşyň emele gelmegi bilen täzelikler ýüze çykarýar. Şol sebäpli ýazyjy- da edil özüni täzeleýşi ýaly, eserini hem täzeden işläp biler. Tolstoýyň “Çagalyk” atly ilkinji powesti ussatlyk bilen ýazylypdyr we powest 1852-nji ýylda “Sowremennik” žurnalynda çap edilýär. Bu trilogoýida Tolstoý çagalyk, ýaşlyk ýyllarynda özüniň töweregindäki ýakyn adamlaryň keşplerini suratlandyrmagy ýazyjynyň ýakynalryna bolan söýgüsini açyp görkezýar. Ýazyjy eserlerinde diňe bir öz terjimehalyny beýan etmek maksadyny goýmaýar. Ol, umuman, ýaş ýetginjeginiň ösüp kemala gelşini görkezýär.

Ýazyjy hem-de halky üçin öz eserlerindäki gahrymanlary halky gahrymanlar edip ýetişdiren ýazyjy -Lew Nikolaýewiç Tolstoý 1828-nji ýylda dünýä iýnýär we älemleriň zynjyryny eserlerinde ynsanlaryň ellerine tutdyryp bilýän, wakalary giňligi bieln açyp bilýän, ýokary derjeli eserlerinde ynsanalryň ynsanlyk meseleleriniň çözgüdini öňe atyp bilýän aýzyjy hökmünde tanalýar. Tula şäheriniň golaýynda ýerleşen Ýasnaýa Polýana diýen ýerde eneden dogulýar. Şeýle ýazyjylaryň ykballary hem beýleki adamlaryňka meňzemeýär. Olar tebiagtyň beren zehini paýlaşmak üçin öz eserlerine ömürlerini siňdirýärler. Awtor bolsa, şeýle ýazyjylaryň biriidir.1851-nji ýylyň ýazynda Tolstoý Kazan uniwersitetini tamamlaman, öz uly dogany Nikolaý Nikolaýewiç Tolstoý bilen Kawkaz harby gulluga, harby ýörişlere gatnaşmaga gidýär. Kawkazda gulluk eden ilkinji ýyly özüniň “Çagalyk” diýen powestini ýazýar we ony dört gezek täzeden işleýär. Aslynda ýazyjylaryň ýazan eserleri wagtyň geçmegi bilen okyjy üçin däl- de özi üçin könelýän ýaly bolýar. Edil başda belleýşimiz ýaly, onuň döredijiligi meýdançalaryň hem-de taryhy ýerleriň aýak yzlary bilen birleşýär.Awtoryň durmuşynda Kawkaz uly orun eýeleýär. Onuň gözel tebiagty , adamalrynyň içginligi we özboluşlylygy ony özüne çekýär. Şeýle-de ol Kawkazda gören adamlarynyň durmuşynyň, häsiýetleriniň aýratynlyklaryny, tebigatyň gözelligini görüp, haýran galýar. Şu döwürde Tolstoý özüniň “Kawkaz” diýen meşhur powestini ýazyp başlaýar. Tolstoý özüniň “Uruş we parahatçylyk” atly romanyny ýazmaga girişýär. Ýazyjy bu romanyň üstünde 6 ýyllap işleýär.Munuň özi geçmiş taryhyna bolan uly hormatyň nyşanydyr. Romandaky meýdançalar hakynda ýekän- ýekän aýdyp geçmek üçin romanyň sahypalanyň gatlaryny açmaly.

Beýik romanlarda beýik ýer tutan meýdançalar hat-da ýazyjy dünýeden gaýdanyndan soň nijeme asyrlar geçse-de onuň ady bilen bile galýar.Romanda 1812-nji ýylyň Watançylyk urşunyň taryhy wakalary giň gerimde görkezilýär.Romanyň gurluşy, kompozisiýasy örän oýlanyşykly we tertipli, sada düzülipdir. Romanda ynsan gözelligi, watançylyk, maşgala durmuşy, söýgi, dostluk, adamkärçilik ýaly temalar aýratyn orun tutýar. Şeýle ýürekdeş ýazyjynyň ýüregi öz watanynyň ýaşyl meýdanalryna ömürlik abglydyr.

Goçmyradowa Zybagül

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby