Türkmen milli şaý-sepleri “bilezik”, “gülýaka”, “şelpe”, “apbasy”, “asyk”, “egme”,  gupba”, “hünji” ýaly görnüşlerde bolup, türkmen zergärleri oňa özleriniň irginsiz zähmetini siňdiripdirler. Türkmen zergäri aýal-gyzlaryň şaý-seplerinden başga-da, ýörjen-ýörjen çagalar üçin aýagyna, goşaryna dakmak üçin düwmeleri, iňňebagjyk, erkek adamlar üçin kemerler, gylyçlar, göwher pyçaklar we türkmen ýigidiniň uçar ganaty hasaplanýan bedew şaýlaryny ýasap, bedewiň tutuş synasyny demir örtgileriň ornuny bezegiň tumaryň hyzmatyny ýerine ýetirýän şaý-sepler bilen bezäpdirler.

Türkmen gelin-gyzlary adaty günlerde we toý günlerinde altyn-kümüş, gupba, hünji, monjuklar we goşarlaryny bilezikler bilen bezäpdirler. Uly ýaşly gartaşan aýallar hem boýunlaryna açarbag, gülýaka, şelpe ýaly şaý-sepleri dakynypdyrlar. Ata-babalarymyz milli şaý-seplerimize degişli nakyllary hem döredipdirler. Türkmen halk nakyllary: “Ata-enäniň bahasy bolmaz, altyn-kümüşiň könesi bolmaz”, “sabyr düýbi sap altyn”, “Suw damjasy-altyn dänesi” ýaly nakyllar ata-babalarymyzyň parasatly sözlerine ýagtylypdyr.

Asyrlardan aşyp miras bolup gelýän şol mukaddes ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda giňden dowam etdirilýär.

Akgül ALLAÝAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk  ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.