Narpyz örän peýdaly we hoşboý ysly ösümlikdir. Ol ýagtylygy, yzgarly we mes topragy halaýar. Narpyz bedeniň köp nähoşluklarynda derman hökmünde ulanylýar. Kellagyryda, garyn-içege, içgeçme, ýürek-damar, öýken, böwrek, bagyr, burun-bokurdak, dümew, sarygetirme kesellerinde narpyzyň peýdasy uludyr. Şeýle-de ol guragyryda, aşgazan şiresinde kislotanyň mukdary köp bolanda, damar çekmede, nerw ulgamyny gowulandyrmakda, ukusyzlygy bejermekde netijeli ulanylýar.

Narpyz işdäni açýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Ol ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda hem bronhitde ulanylýar. Narpyzyň ýapragyndan taýýarlanan melhemlik toşap agyz boşlugyny ýokançsyzlandyrmakda oňat serişde hasaplanýar. Her gün irden demlenip taýýarlanan narpyz çaýyny içmek maslahat berilýär.

Narpyz, suwarymly ýerlerde, güzerleriň, ýaplaryň gyrasynda ösýär. Narpyzyň uzynja ýapraklary we gülgün reňkli güli bolup, boýy bir metre çenli ýetip bilýär. Häzirki wagtda narpyzyň 25 görnüşi bellidir. Täsin ysly bu ýapraklar lykmançylykda, halk tebipçiliginde, gözellik serişdelerinde, konditerçilikde giňden ulanylýar. Narpyzyň dermanlyk häsiýetleri dürli keselleri bejermekde, bedeniň saglygyny dikeltmekde we goramakda ulanylýar.

DURDYBAÝEW Fahruddin,

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň talyby