Dag syýahatçylygynda gezelençler dag ýerlerini pyýada ýagdaýda geçmeklik, 3000-3500 metrden beýik bolan geçitlere çykmaklygyň, gaýa böleklerini, uçut gaýalary, gerişleri, eňňitleri, buzluklary we dag çaýlaryny geçmekligiň hötdesinden gelmeklik maksady bilen guralýar. Dag syýahatçylygy üçin hem ýöriteleşdirilen esbaplaşdyrma, gurallaşdyrma talap edilýär: syýahatça buz ýaryjy kerki, dag ýokarysy üçin niýetlenen köwüş, gaýa garmagy, buz garmagy we beýleki enjamlar gerek.
Ýurdumyzyň tebigy dag gözelliklerini göwsünde jemlän ýerlerimiziň biri Köýtendagdyr. Lebap welaýatynyň esasy tebigy dag gözelligi bolup durýan Köýtendag dag depeleriniň ulgamy Gissar belentliginiň günorta-günbatar dag şahasy bolup, türkmen topragynyň hakyky dür-merjenidir. Bu ýeriň tebigatynyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlikler dünýäsinde-de, Köýtendagyň gerişlerinde we
gowaklarynda-da dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelinýän täsinliklere gabat gelmek bolýar.
Köýtendag ülkesiniň tebigy gözellikleriniň arasynda Garlyk gowaklary: Gapgotan, Haşymoýuk, Aralykdaky we beýlekiler ýonulan şekilde emele gelen köp sanly stalaktitleri we stalagmitleri bilen hünärmenleriň we gowaklaryň gelip çykyşyny öwrenýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Häzir gowaklar Köýtendag goraghanasynyň hasabynda durýar. Köýtendag geologiýa-agtaryş ekspedisiýasy bolsa bu ýerde her aýda kada gözegçiligini geçirýär. 1985-nji ýylda açylan Gülşirin ýaly käbir gowaklar bolsa, girelgesiniň ozal känbir belli bolmanlygynyň we tebigy örtülgidiginiň hasabyna, özüniň ilkibaşdaky görnüşini saklap galypdyr.
Köýtendag ülkesi ýene-de köp zatlary: äpet Gaýnarbaba ýyly suw çesmesi we onuň balyklary, şeýle hem onuň ýanyndaky Aksuw kükürtli suw çeşmesi, geň-enaýy arça tokaýlary, arnap jeňňellikleri bilen haýran galdyryp biler. Hut şu ýerde, Köýtendag daglarynda Türkmenistanyň iň beýik nokady – 3139 metr çürt-kesik beýiklikdäki Aýrybaba nokady ýerleşýär. Bu syýahaty söýýänler üçin ýurdumyzdaky däbe öwrülen dag gatnawydyr we munuň özi sebitiň ýene-de bir özboluşly baýlygydyr.
Köýtendagda millionlarça ýyl öň ýaşap geçen dinozawrlaryň ululy-kiçili yzlarynyň 400-den gowragy daşyň ýüzünde anyk möhürlenip galypdyr. Köýtendagyň syýahatçylyk babatdaky ähmiýetli gowaklarynyň 60-a golaýy bar.
Köýtendagyň Kyrkgyz dere, Hojagarawul dere, Daraý dere, Umbardere ýaly ajaýyp dereleriniň, Umbardere şaglawugy. Kette köli, Gaýnarbaba çeşmesi ýaly täsin suw täsinliginiň, Arnap tokaýjygy ýaly tebigy baglyklarynyň ýurdumyzyň dag syýahatçylyk ulgamy üçin diýseň möhüm ähmiýeti bar.

Abdullaýew Tahyr,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.