Türkmeniň halyçylyk sungaty gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol halkymyzyň gelip çykyşy, ösüş taryhy we ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşykly öwüşginleri özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň ýiti zehininden, ýadawsyz zähmetinden kemala gelen nepis halylarymyz bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmeniň çeper elli gelin-gyzlary tarapyndan dürli ýyllarda owadandan nepis äpet halylaryň ençemesi dokaldy. 1942-nji ýylda dokalan ilkinji ägirt uly haly «Türkmen kalby» diýlip atlandyrylypdyr. 2009-njy ýylda dokalan «Galkynyş» halysy hem halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda dokalan, her bir inedördül metrinde 304 müňe çenli çitimi bolan «Altyn asyr» halysy bolsa, dünýäde iň uly el halysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň meýdany 301 inedördül metre, möçberi 14 we 20 metre, agramy 1,5 tonna barabardyr. Ol halyçy gelin-gyzlaryň 40-sy tarapyndan dokaldy.

Ussat halyçy gelin-gyzlarymyz tarapyndan täsin haly önümleriň birnäçe görnüşleri dokalypdyr. Düýphaly diýlip atlandyrylýan haly önümi hem muňa mysaldyr. Düýphaly — ogul öýerip, toý tutmaga niýetlenip dokalan. Düýphaly geljek gelniň oturmaly otagynyň töründe ýazylypdyr.

Haly horjun, çuwal bolsa, uly ölçegde dokalyp, öýüň täriminden asylyp durar ýaly örme ýüpler bilen daňylýar we içine egin-eşik salnyp goýulýar. Şeýle haly önümleriň başga-da görnüşleri az däldir. Täze taryhy döwrümizde ussat halyçylarymyz haly önümleriniň dürli görnüşlerini täze öwüşginler bilen has-da baýlaşdyrýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserlerinde şeýle nepis halylarymyz barada has gymmatly maglumatlar bar.

Güljeren SÖÝÜNOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyby.