Türkmenistanyň Bathyz döwlet goraghanasy ýurdumuzyň günortasynda, Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda, gojaman Hindiguş dagynyň Parapamiz şahasynyň eteginde ýerleşýär. Bu goraghana 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan döredildi. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady, gadymy wagtlarda Aziýanyň ähli düzlüklerinde hem dag eteklerinde ýaşan, emma öri meýdanlarynyň gysylmagy, suw içýän ýerlerinden çetleşdirilmegi we ýok edilmegi metijesinde azaltp, diňe Bathyzda galan 200-250 baş gulanlary goramak, köpeltmek we olaryň biologiýasyny öwrenmek, şeýle hem ýurdumyzda bar bolan iň uly pisse jeňňelini saklamakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda goraghananyň 87680 gektara deň bolup, oňa Çemenebit, Pulhatyn we Gyzyljar atly üç sany çäkli goraghanalar hem girýär. Bathyz döwlet goraghanasyndaky ýaly tebigy toplumlar Ýewraziýanyň hiç bir ýerinde ýokdur. Hut şol sebäpli, bu goraghana 2000-nji ýylda dünýäniň möhüm goraghanalarynyň hataryna goşuldy we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna hödürlenildi.
Goraghanada ýer üstüniň üç tüýsli keşbine-seýrek pisse tokaýlygyna, çöllük sähra we akar suwsyz çöketliklere duş gelmek bolýar. Pisse jeňňelligi Bathyzyň günbatar çäginde, daglyk ýerinde ýerleşip, ol agajyň diňe bir görnüşiniň wekillerinden-hakyky pisse agaçlaryndan ybaratdyr.
Pisse jeňňelliginden gündogar tarapa uzalyp gidýän giň çöllük sähra ýaýylyp ýatyr. Bu sähra Bathyzyň landşaftynyň esasy görnüşidir. Goraghananyň ýene-de bir landşafty bolan gury çöketlik Ýeroýulanduz çöketligidir. Onuň çuňlugy daş-töweregindäki tekizlikden 500 metr peslikde bolup, maýdany 300 km2 töweregidir.
Bathyzyň haýwanat dünýäsi örän köpdürlidir. Bu goraghanada ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrrnijileriň 39, guşlaryň 257, süýdemdirijileriň 36 görnüşi duşup, oňurgasyz jandarlaryň 2000-e golaý görnüşi hasaba alynandyr.
Jennet PIRGULYÝEWA,
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Inžiner mehanika fakultetiniň mugallymy