Namik Hajyheýdärli (Namik Äläkbär ogly Heýdärow) 1975-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Salýanda dünýä indi.
1997-nji ýylda Azerbaýjan Döwlet pedagogik uniwersitetiniň Filologiýa fakultetini tamamlady.
2008-nji ýylda üstünlikli edebi we jemgyýetçilik işleri üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident baýragy bilen sylaglandy.
2009-njy ýylda Umumtürk edebiýatyny ösdürmekdäki hyzmatlary nazara alnyp «Wektor» Halkara ylmy merkezi tarapyndan Şahmar Ekberzada adyndaky Halkarar Edebiýat baýragy bilen sylaglandy.
2013-nji ýylda Türki dünýäsine hyzmat baýragy bilen sylaglandy.
2015-nji ýylyň awgust aýynda Türki dünýäsi barada ýazan ylmy makalalary üçin Türkiýäniň sungat platformasy tarapyndan «2015-nji ýylda Türki dünýäsine hyzmat mertebe» baýragy sylaglandy.
Türkiýäniň Ankara, Dagystanyň Derbent, Krymyň Ýalta şäherlerinde we başga-da birnäçe ýerlerde geçirilen örän möhüm iri halkara çäreleriniň gatnaşyjysydyr.
8 sany kitabyň, 150-den gowrak ylmy-publisistik makalalaryň awtorydyr.
Şahyryň çeper döredijiligine degişli eseleri Türkiýede, Eýranda, Russiýada, Gazagystanda, Kiprda we başga-da birnäçe ýurtlarda neşir edildi.
BIZI
Doglan günümizden,
Ýazgyt, gam yzlar bizi.
Kän ýorulyp, ýetirmez,
Ýola bu dyzlar bizi.
Ruh çyrpynar jan içre,
Jan büs-bütin gan içre,
…Her kes heýjan içre,
Gören ne gözlär bizi.
Hiç ýol däldir bu belki,
Günäleri ýuw, belki
…Tämiz etmez suw belki,
Toprak tämizlär bizi.
SENI SENDEN SORAGLARYN
Darykýan men, ol ses üçin, ol el üçin, barmak üçin,
Gerek bolsa ruh bolaryn barlygyňa barmak üçin,
Gülüşiňi, bakyşyňy ýeke senden sormak üçin,
Toza dönüp, küle dönüp, men şemala garyşaryn,
Seni senden soraglaryn.
Sensiz bolmak adat bolsa, bu adaty bozmaly men,
Ýazgyt bolsa ýazgydymy, bil, täzeden ýazmaly men,
Özümi sende tapmaly, ýa bu ýolda azmaly men,
Gerek bolsa jahan bilen, asman bilen göreşerin,
Seni senden soraglaryn.
Namik seni tapmasa, jennetini tapyp bilmez,
Tapmasa Ezraýyl hem, jany menden alyp bilmez,
Ýollarymda deňiz, serhet, daglar päsgel bolup bilmez,
Jepaň bilen dost bolaryň, zulmuň bilen oňuşaryn,
Seni senden soraglaryn.
HAÝRYNA
Bir yşgyň odunda ereýärin men,
Ýaşasam peýda ýok, ölsem, haýry nä?
El göterdim bu dünýäniň baryndan,
Gamy seçdim bir söwdanyň haýryna.
Dünýä köpri, gelmeseň-de geçer sen,
Ejaza ýok täleýiňi seçer sen,
Göçeňde-de şehit kimin göçer sen,
Jan berer sen müň ynsanyň haýryna.
Kimse galmaz dünýä atly dahylda,
Açyljakdyr bütün syr-da, pahyr-da,
Aý, Namik sen işle, göreş, ahyrda,
Bir nol bolar bu dünýäniň haýryna.
Terjime eden: Toýly Jänädow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni.