Adamzadyň taryhynda ilkinji medeni käşir Günorta-Günbatar Aziýada ösdürilip ýetişdirilýär. Şol döwürler ol melewşe reňkli we ajy tagamly önüm bolup, petruşka, ukrop ýaly ter gök ot görnüşinde naharlara hoşboý ys bermek maksady bilen ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen onuň süýji we gaty kökli görnüşleri döredilipdir. Häzirki wagtda bu gök önüm medeni şertlerde ekilýär. Ol ýabany görnüşinde Owganystan döwletinde saklanylyp galypdyr.
Käşiriň ähli görnüşleri kletçatkalara, şekere, efir ýaglaryna baýdyr. Onuň düzüminiň 7%-ni uglewodlar, 1,3%-ni beloklar emele getirýär. Onda az mukdarda ýaglar, köp mukdarda PP,E,C,K,B witaminleri, kaliý, demir, fosfor, magniý, kobalt, mis, ýod, sink, hrom, nikel, ftor bardyr. Käşirde kaliý birleşmeleri natriý birleşmelerinden 10 esse köpdür. Olar iýmit süýümleri bilen bilelikde bu önümiň buşukdyryjy we öt çykaryjy täsirini güýçlendirýär. Bedende ýaglaryň, emele gelmegini bökdemekde käşir kelemden soňky ikinji orny eýeleýär.
Käşiriň esasy gymmatlylygy adam bedeninde A witaminine öwrülýän beta-karotiniň (A prowitamini) egsilmez çeşmesi bolup durýandygyndadyr. Beta-karotin gözüň torly perdesini pugtalandyrýar, görşüň peselmeginiň öňüni alýar. Ol şowakörlükde, ýakyndan görmezlikde, konýunktiwitde, blefaritde peýdaly. A witamininiň boýuň ösmegine, süňkleriň bekemegine oňyn täsir edýändigi sebäpli käşir çaga iýmitinde ýeterlik ulanmak zerurdyr. Bu önüm nemli bardalaryň, deriniň ýagdaýyny hem gowulandyrýar. Ol bagyr, böwrek, aşgazan-içege, ýürek-damar kesellerinde, ganazlykda , poliartritde, mineral alyş-çalşyň bozulmalarynda syrkawyň saglygyny gysga wagtda dikeltmäge ýardam edýär.
Begenç SALTAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň,
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby