Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller hakyndaky aladalar bilim işgärleri üçin döredilýän mümkinçilikler bilen sazlaşýar. Türkmen ýaşlarynyň sowatlylygyny, edep-terbiýeliligini, hünär başarnyklylygyny, şahsyýet hökmünde kemala gelşini üpjün etmekde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. Şonuň üçin gadym döwürlerde hem nesliň ylym atasyna, halypalaryna aýratyn hormat bilen garalypdyr. Bu günki günde bolsa şol asylly käriň eýeleri bolan mugallymlara döwlet derejesinde aýratyn sarpa goýulýar.

Mugallymçylyk käri uly hormata mynasypdyr, çünki mugallym ýer ýüzündäki ähli ynsanlaryň halypasydyr. Kämil mugallymda ýokary hilli ylym-bilim bilen bir hatarda, ajaýyp ahlak sypatlary jemlenendir.Alkyş eýesi hasaplanýan  mugallymçylyk käri – köpugurly, döredijilikli zähmeti talap edýär.

Häzirki wagtda sany barha artýan ýaş mugallymlara berilýän bilimiň hili ýokarlandyrylyp, olar bilen hünär ugurlaryna laýyklykda sanly ulgam arkaly sapaklar geçilýär, nazaryýetde alan bilimleri tejribelikler arkaly özleşdirilýär. Halkara tejribesine, milli pedagogika, mugallymçylyk nazaryýetine laýyklykda bilim alan ýaş mugallymlar döwrebap usulyýetden baş çykaryp, sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanmagy başarýarlar.

Bilim edaralarynda zähmet çekmäge girişen ýaşlara tejribeli hünärmenler we mugallymlar halypa hökmünde berkidilýär, edaranyň işi bilen tanyşdyrylýar. Halypa-şägirtlik ýörelgesine laýyklykda, ýaş bilim işgäriniň mynasyp tejribe toplamagy, alan bilimlerini diňe oňyn maksatlara gönükdirmegi, güýç-gaýratyny diňe talyplaryň, diňleýjileriň bähbidine sarp etmegi üçin oňa usuly kömek, maslahat we ýardam berilýär. Şeýlelikde, ýaş mugallym bilim bermek, ony ylma ugrukdyrmak ýaly asylly we jogapkärli wezipäniň abraý bilen hötdesinden gelmäge çalyşýar. Mugallymyň öňündäki wezipeler döwletiň hem jemgyýetiň öňündäki iň wajyp meseleler bilen baglydyr.

Garaşsyz Diýarymyzda geçirilýän döwlet derejesindäki çärelerde, şol sanda döwlet dolandyrylyşynda bilim işgärlerine uly orun berilýär. Olaryň pikirleri, döredijilikli zähmeti we iş alyp barmakdaky, ýolbaşçylyk etmekdäki tejribeleri nazara alynýar. Bilim-terbiýeçilik işgärlerini höweslendirmek, zähmetiň döredijilikli baýlaşdyrylmagyny gazanmak, aýratyn tapawutlanýanlary ýüze çykarmak ugrunda hem guramaçylykly çäreler ýaýbaňlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilendir. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaş nesliň aňynda baky orun eýelejek bagtyýar şu günleriň iň oňat arzuw-maksatlara beslenmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler sanardan köpdür. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky işler hem ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda edilýän aladalaryň naýbaşysydyr.

Gökjäýewa Şasenem.
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.