Köp sanly taryhy maglumatlar we anyk güwänamalar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistan ýaýlasydygyny biragyzdan tassyk edýärler. Köp sanly hünärmenleriň bellemegine görä, gadymy türkmen halky ilkinji bolup atlary eldekileşdiripdir.
Türkmen atlary ХIХ asyryň ahyrlarynda «ahalteke» diýen ada mynasyp bolupdyrlar. Munuň özi gadymy «Ahal» ýaýlasy bilen baglanyşdyrylypdyr. Meşhur barlagçylar hut şol ahalteke bedewlerinde bütindünýä belli bolan gadymy Nusaý tohumyndaky atlaryň nesillerini görüpdirler. Birnäçe atşynaslar nesillerine belli bolan görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W.O.Witt: «Ahalteke bedewleri şol gadymy arassa gandaky atlaryň soňky damjalarydyr. Onuň kömegi arkaly dünýäniň atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi» diýip belleýär. Gadymy Pazyryk depelerinden tapylan çapuw atynyň mazary hakynda hem bu alym şeýle diýýär: «Bu örän gadymy çapylýan atyň, Assiriýanyň, Müsüriň we Elladanyň beýik ussatlarynyň eserlerinde şekillendirilen Orta Aziýanyň söweşjeň atlarynyň neslidir».
Atşynaslar ahalteke bedewlerine örän ýeňil gopýan, hyjuwly, zähmete ukyply, bilesigeliji we örän paýhasly jandar hökmünde baha beripdirler. Bu hakykatdan-da şeýle, ahalteke bedewi ynamly we özüne bolan hormaty talap edýän bedew hökmünde ykrar edilipdir. Tejribeli türkmen seýisleri bedewiň örän buýsançly we güýçli häsiýetini gerek ugra gönükdirmegi başarypdyrlar.
Ahmedow Arslan
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby